DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukrainanyň hüjümleri sebäpli, Zaporožýeniň rus gözegçiligindäki ýerlerinde elektrik toklar kesildi
Ukraina tarapyndan guralan hüjümlerden soň elektrik toklar kesildi, ýadro desgasyna täsir ýetmedi.
Ukrainanyň hüjümleri sebäpli, Zaporožýeniň rus gözegçiligindäki ýerlerinde elektrik toklar kesildi
June 3, 2025

Russiýanyň döwlet habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Ukrainanyň Zaporožýe şäheriniň Russiýanyň gözegçiligindäki ähli ýerleri elektrik toksuz galdy.

Russiýa tarapyndan bellenen Zaporožýe sebitiniň dolanşygynyň başlygy Ýewgeniý Balitskiý, sişenbe güni Ria Nowosti habarlar gullugyna beren beýanatynda: “Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň hüjümleirniň netijesinde, Zaporožýe sebitiniň demirgazyk-günbataryndaky ýokary geçirjili enjamlara zeper ýetdi. Sebit elektrik toksuz galdy” diýip mälim etdi.

Sebitdäki giň göwrümli elektrik tok kesilmelerine garamazdan, TASS habarlar agentliginiň resmileriň birine esaslanyp beren habaryna görä, Zaporožýe ýadro desgasy işlemegini dowam etdirýär, bekede hiç hili zeepr ýetmedi.

Bu waka, Ukrainanyň Russiýanyň harby howa menzillerini nyşana alýan hüjümlerinden soň başdan geçirildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us