Lebron Jeýms sişenbe güni NBA taryhynyň 50 000 karýera balyna ýeten ilkinji basketbolçy boldy we bu üstünligi bilen liganyň taryhynyň iň köp bala eýe bolan basketbolçy hökmünde liderligini berkitdi.
Los-Anjeles Lakers toparynyň ýyldyzy, Nýu-Orleans Pelikans toparyna garşy geçiren duşuşyga, Los-Anjeles Klippers toparyna garşy ýek ýekşenbe güni amala aşyran 17 ballyk urgularyndan soň, 49 999 adaty we playoff ballary bilen başlady.
40 ýaşly NBA agzasy, 50 000 bal çägine ýetmek üçin zerur bolan 1 ballyk urgyny tiz wagtda ýerine ýetirdi.
Ajaýyp karýerasynyň 22-nji möwsüminde bolan “Şa” lakamly Jeýms, Luka Donçiçden alan pasy bilen 25 fut uzaklykdan 3 ballyk urgy amala aşyryp, 50 002 bala ýetdi we Crypto.com Arenadaky janköýerleri uly şowhun bilen garşy aldylar.
Jeýms 2023-nji ýylda Kareem Abdul-Jabbaryň 38 387 bal bilen öňki ähli döwürleriň yzygiderli möwsüm rekordyny geçipdi. Bu rekord 39 ýyl dowam edipdi.
Jeýms häzirki wagtda Kareem Abdul-Jabbaryň 44 149 karýera balyndan takmynan 6000 bal öňde. Karl Malone 41 689 bal bilen üçünji, merhum Kobi Braýant bolsa 39 283 bal bilen dördünji orunda durýar.
Maýkl Jordan ähli döwürleriň sanawynda 38 279 bal bilen bäşinji orunda.
Häzirki wagtda oýnaýan NBA basketbolçylarynyň arasynda diňe Kewin Durant 35 000-den gowrak bal bilen ilkinji onluga girýär, emma ol Jeýsmden takmynan 15 000 bal yzda barýar.