Russiýanyň Prezideni Wladimir Putin, Ukrainanyň Russiýa garşy haýsydyr bir ýadro ýaragyny ulanmagynyň Kiýew üçin soňky ýalňyşlyk boljakdygy barada duýduryş berdi.
Putin anna güni Sankt-Peterburg şäherinde geçirlen Halkara Ykdysadyýet forumynda eden çykyşynda, Ukrainanyň rus topraklaryna garşy “hapalanan bomba” ulanan halatynda, Moskwanyň hem edil şol görnüşde gaýtawul görkezjekdigini aýtdy.
Putin “Bu Ukrainadaky neo-nasistler diýlip atlandyrlanlaryň belkide soňky uly ýalňyşlygy bolar” diýdi.
Putin eger şeýle bolan halatynda Kiýew üçin netijeleriniň agyr boljakdygyny belledi.
Putin, häzirki wagtda Ukrainanyň “hapalanan bomba” ulanmagy meýilleşdirýändigi barada anyk maglumatyň ýokdygyny kabul etdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ukrainanyň rus topraklaryna garşy guraýan hüjümleri we soňky gezek Kursk sebitine guralan operasiýadan soň, Russiýanyň serhedinde “howpsuzlyk zolagyny” döredýändigini aýtdy.
Putin Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Russiýanyň Kursk sebitine girendigini we asuda ilata garşy hüjüm gurandygyny öňe sürdi.
Uly ýitgi çeken ukrain güýçleriniň sebitden çekilendigini aýdan Putin, Moskwanyň serhetlerini goramak üçin degişli çäreleri görendigini nygtady.
Putin döredilen araçak zolagyň 8-12 kilometre çenli üýtgäp biljekdigini we şol zolagyň edil ýanynda Ukrainanyň demirgazyk gündogarynda Sumi şäheriniň ýerleşýändigini belledi.
Russiýanyň Ukraina meýilnamasy hakyndaky soraga jogap beren Putin, rus we ukrain halklarynyň bir milletdigine ynanýandygyny we bu manyda Ukrainanyň dolulygyna Russiýa degişlidigini ýatlatdy.
Putin “Rus esgeriniň aýagyny basan ýeri bize degişlidir” diýdi.
Ukrainanyň hökümeti, Putiniň bu beýannamasyna heniz hiç hili jogap bermedi.
Russiýa-Ukraina söweşi 4 ýyldan bäri dowam edýär. Russiýanyň esgerleri esasan Ukrainanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Harkow şäheriniň golaýynda hüjümlerini artdyrdy
Kreml bu hüjümleriň Ukrainanyň hüjümlerine garşy özüni goramak maskady bilen guralýandygyny beýan etdi.