DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistanda derman zawodynda bolan ýangynda ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi
Telangana sebitinde ýerleşýän Sigajhi Industriesde bolan ýangyn onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp boldy.
Hindistanda derman zawodynda bolan ýangynda ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi
1 Julai 2025

Hindistanly ýolbaşçylar tarapyndan şu gün berlen beýannama görä, ýurduň günortasynda Telangana sebitinde ýerleşýän derman zawodynda düýn bolan partlamada we ýangynda 36 adam ýogaldy, 30 adam hem ýaralandy.

Ýangyn söndürijiler Haýdarabad şäherinden 30 kilometr alysda ýerleşýän senagat zolagynda bolan partlamadan soň 34 işçiniň jesediniň çykarlandygyny mälim etdi. Ýangynda ýaralananlardan 2 işçiniň hem hassahanada ýogalandygy nygtaldy.

Ýangynda ýaralanan 30 işçiniň hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny aýdan Telangana sebitiniň Ýangyn söndüriş edarasynyň ýolbaşçysy Naraýana Rao “Zawod dolulygyna ýandy. Ýangyn söndürildi we galyndylaryny birnäçe sagadyň dowamynda ortadan aýyrmagy umyd edýäris” diýdi.

Partlamanyň we ýangynyň sebäbi hakynda heniz hiç hili resmi beýannama berilmedi. Ýangyn sebäpli uly zeper ýetirlen zawodyň işleriniň 90 gün möhlet bilen bes edilendigi nygtaldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us