Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukraina 15-nji maýda ýekşenbe gününden başlap Stambulda gönüden-göni parahatçylyk gepleşiklerini ýaňadandan başlatmagy teklip etdi.
Putin Moskwada geçirlen metbugat ýygnagynda duşenbe güni Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boljakdygyny we Ukraina bilen ýaraşyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin platformanyň geçirilmegini haýyş etjekdigini habar berdi.
Russiýa deslapky şertler bolmazdan gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi.
Putin: "Häzirki wagtda uruş dowam edýär we gepleşikleri täzeden başladylmagyny teklip edýäris. Parahatçylygy hakykatdanam isleýänler bu inisiatiwany goldarlar" diýdi.
Putin Stambulda täze ýaraşyk bilen bagly gepleşikleriň geçirilip bilinjekdigini aýtdy.
Putin: "Tekliplerimiz stolda, karar Ukrainanyň resmilerine we olaryň inspektorlaryna bagly" diýdi.
Russiýa bilen Ukraina 2022-nji ýylyň martynda Stambulda gepleşikler geçirip, parahatçylyk şertnamasynyň taslamasy barada ylalaşypdylar.