SYÝASAT
2 minut okamak
Ukraina we Russiýa 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Stambulda göni gepleşikler geçirerler
Ukraina Zelenskiýniň ýolbaşçylyk etmegine garaşylsa-da, Russiýanyň wekiliýetine Putiniň täsirli geňeşçilerinden biri bolan we 2022-nji ýyldaky gepleşiklere gatnaşan öňki Medeniýet ministri Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk eder.
Ukraina we Russiýa 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Stambulda göni gepleşikler geçirerler
Ukraina we Russiýa
May 15, 2025

Uruş ýagdaýynda bolan garşydaşlar Ukraina we Russiýa üç ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji göni gepleşiklerine taýýarlyk görýärler. Emma Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu gepleşiklere gatnaşmaz.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý penşenbe güni Stambulda Putin bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak üçin çagyryş beripdi. Şeýle-de bolsa, rus wekiliýetiniň düzüminde pes derejeli topar bar.

Ukrainaly resmileriň biri Russiýa bilen Türkiyede penşenbe güni geçiriljek gepleşikleriň haçan başlajakdygy babatynda ylalşyga gelinmändigini belläp, rus habarlar gulluklarynyň gepleşikleriň haçan başlajakdygy baradaky habarlaryny ret etdi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň resmisi Andriý Kowalenko Telegram gollanmasyndan beren beýanatynda gepleşikleriň sagat 10:00-da (Türkiyäniň wagty bilen sagat 10: 00) başlajakdygy baradaky habarlaryň "meýilleşdirilmändigini we dogry däldigini” aýtdy.

2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan hüjümlerden bäri on müňlerçe adam ýogaldy. Russiýa Ukrainanyň territoriýasynyň 1/5 bölegini basyp aldy we ol II Jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uly çaknyşyklaryň biri hökmünde kabul edilýär.

Putin geçen hepde, Ukrainanyň we Ýewropa ýurtlarynyň 30 günlük şertsiz ýaraşyk çagyryşyna jogap hökmünde, 15-nji maýda Stambulda duşuşmagy teklip edipdi.

Zelenskiý şol teklibi kabul etdi, emma şu hepde beren beýanatynda Putin hut özüniň gatnaşmasa, parahatçylyga hakykatdanam gyzyklanmaýandygyny görkezjekdigini aýtdy.

Zelenskiý: “Bu onuň urşy. Şol sebäpli gepleşikler onuň bilen geçirilmeli” diýdi.

Kreml wekiliýetine Putiniň berk geňeşçisi we ýurduň öňki Medeniýet ministri Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk eder. Medinskiý 2022-nji ýylda geçirilen gepleşiklere hem gatnaşypdy.

Putin, Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Kremliň daşary syýasat geňeşçisi Ýuriý Uşakow ýaly ABŞ bilen gepleşiklere ýolbaşçylyk eden adamlar bolsa Kremliň wekiliýetiniň düzümine goşulmady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio anna güni Stambula sapar gurap, Rubio çarşenbe güni Türkiyedäki NATO maslahatynda Ukrainanyň Daşary işler ministri Andriý Sybiga bilen duşuşyk geçiripdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa çarşenbe güni Türkiyedäki gepleşiklerde araçy roluny öz üstüne alyp biljekdigini aýdypdy.

Tramp Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guran saparynda özüne ýoldaşlyk edýän metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Putiniň men ol ýerde bolmasam, geljekdigini pikir edemok. Ol ýerde bolmagymyzy isleýändigini bilýärin we ol mümkin bolup biler. Urşy nähili bes edip biljekdigimizi pikir edýärin” diýip belledi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us