Bangladeşiň günorta-gündogaryndaky Koks Bazar sebitinde güýçli musson ýagyşlary 1400-den gowrak Rohingýalynyň öýüne zeper ýetirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy (UNHCR) tarapyndan duşenbe güni agşam berlen maglumata görä, iki bosgun düşelgesinde bary-ýogy iki günde 53 ýer süýşgüni bolup geçdi. Bosgunlaryň biri diwaryň çökmeği netijesinde ýogaldy, ýyldyrymyň çakmagy netijesinde bolsa 11 adam ýaralandy.
UNHCR: “Güýçli musson ýagyşlary rohingýaly bosgunlaryň möhüm zerurlyklaryny ýene bir gezek görkezdi” diýip habar berdi.
Koks Bazar sebitinde 1,3 milliondan gowrak rohingýaly bosgun ýaşamaga synanyşýar. Şol bosgunlaryň aglabasy Mýanma goşunynyň 2017-nji ýyldaky eden-etdiliklerinden soň sebite ýerleşdi.
UNHCR, Mýanmanyň Arakan welaýatynda zorluklardan we basyşlardan gaçyp gelen müňlerçe rohingýa musulmanlaryň şonsuz hem aşa köp adamyň ýaşaýan sebiti has hem daraldýandygyny beýan etdi.
UNHCR şeýle hem, maliýeleşdirmegiň çynlakaý boşlugynyň ynsanperwer guramalaryň gyssagly zerurlyklary kanagatlandyrmak we zerur taýýarlyk çärelerini doly durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine howp salýandygyny belläp geçdi.
Mussona taýýarlyk çäreleri adatça maý aýyndan öň başlanýar, ýöne şu ýyl maliýe serişdesiniň ýetmezçiligi sebäpli bu çäreleri görüp bolmady.