SYÝASAT
1 minut okamak
Owganystan Hytaý-Pakistan Ykdysady Koridoryna goşuldy
Hytaý, Pakistan we Owganystan diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, aragatnaşyklaryň gowulandyrylmagy hem-de söwda, infrastruktura we ösüşi güýçlendirmek üçin anyk ädimleriň ädilmegi barada maslahatlaşdylar
Owganystan Hytaý-Pakistan Ykdysady Koridoryna goşuldy
18 hours ago

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda bolan maglumatlara görä Hytaý, Pakistan we Owganystan çarşenbe güni Hytaý-Pakistan Ykdysady koridory taslamasyny Owganystana çenli giňeltmek babatynda ylalaşdylar.

Ylalaşyk Hytaýyň Daşary işler ministri Wan Iniň ýer eýeçilik etmeginde Pekinde geçirlen üçtaraplaýyn daşary işler ministrleriniň maslahatynda baglaşyldy. Maslahata Pakistanyň Daşary işler ministri Ishak Dar we Owganystanyň wagtlaýyn Daşary işler ministri Amir Khan Muttaki gatnaşdy.

Ministrlik beýanatynda: “Taraplar Bir Guşak we Bir Ýol başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we Hytaý-Pakistan Ykdysady koridoryny Owganyatana çenli giňeltmek babatynda ylalaşyga geldiler” diýip bellendi.

Pekin tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa üç ýurduň Bir Guşak we Bir Ýol başlangyjyny bilelikde gurmak babatynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, Hytaý-Pakistan Ykdysady koridorynyň Owganystana çenli uzadylmagyny höweslendirjekdigi we sebitleýin baglanşyk torlarynyň gurluşygyny güýçlendirjekdigi beýan edildi.

64 milliard dollarlyk taslama, Bir Guşak we Bir Ýol başlangyjynyň deslapky bölümidir. Taslama Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan sebitini, Pakistanyň Bulujystan welaýatyndaky Gwadar porty bilen birleşdirip ýol, demir ýol we turba liniýasynyň üsti bilen ýük, nebit we gaz daşamagy üpjün edýär.

Bir Guşak we Bir Ýol başlangyjy Hytaýyň global infrastruktura göçümi bolup, Hytaý bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary artdyrmagy maksat edinýär.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us