Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon penşenbe güni Bişkekde döwlet serhedi boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Bu ylalaşyk soňky ýyllarda çaknyşyklara sebäp bolan uzak wagt dowam eden jedeli çözmek üçin möhüm ädim boldy.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon penşenbe güni Bişkekde, soňky ýyllarda çaknyşyklara sebäp bolan, eýýäm ençeme wagt bäri dowam edýän serhet düşünişmezçiligini çözen resminama gol çekdiler.
2002-nji ýyldan bäri gepleşikleri dowam eden resminama, Rahmonyň Gyrgyzystana guran resmi saparynda Bişkekde gol çekildi.
Iki lider mundan başgada ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin zerur bolan ähli ädimleri etjekdikleri barada beýannama berdiler.
Takmynan 1000 km uzynlygynda bolan Gyrgyzystan-Täjigistan serhedi, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda aldym-berdimli çaknyşyklaryň merkezine öwrüldi.
2021-nji ýylda üç gün dowam eden çaknyşyklarda 36 gyrgyz we 19 täjik raýaty heläk bolupdy.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda iki günlük çaknyşykda azyndan 100 adam ýogalypdy we takmynan 140000 adam öz öýlerinden göçmeli boldy.