TÜRKIÝE
1 minut okamak
Daşary işler ministri Hakan Fidan rus we gazak kärdeşleri bilen duşuşdy
Hakan Fidan bilen Sergeý Lawrow, Ysraýylyň hüjüm ediji tutumy we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan rus we gazak kärdeşleri bilen duşuşdy
8 orë më parë

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Braziliýada geçirlen BRICS-e agza ýurtlaryň sammitiniň çäginde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Fidan bilen Lawrow duşenbe güni bolan duşuşykda özara syýasy we ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy.

Iki kärdeş şeýle hem Ysraýylyň sebit ýurtlaryna guraýan hüjümleri sebäpli abanýan howplar, Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar, Eýranyň ýadro meýilnamasy we Owganystan ýaly sebitara meseleler boýunça pikir alyşdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Hakan Fidanyň sammitiň çäginde Gazagystanyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Nurat Nurtleu bilen hem duşuşdy.

Ýekşenbe güni öz işine başlan we iki gün dowam etjek BRİJS-e agza ýurtlaryň sammitinde howpsuzlyk we dolandyryş reformasy ýaly birnäçe mesele seljerilýär.

Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika tarapyndan döredilen gurama agza ýurtlaryň sany gün saýyn köpelýär.

Türkiýe hem BRICS-e agza bolmak üçin ýüz tutupdy we şu ýylky sammite gatnaşmak üçin çakylyk aldy.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us