SYÝASAT
3 minut okamak
G7 Kanadada Tramp bilen Ulkraina we tarifler boýunça dartgynly şertlerde maslahat geçiryär
G7-ä girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Tramp bilen Ukraina, tarifler we dartgyn ýaranlyklar boýunça dünüşmezlikleriň möwjeýän günlerinde Kanadada duşuşýarlar.
G7 Kanadada Tramp bilen Ulkraina we tarifler boýunça dartgynly şertlerde maslahat geçiryär
G7 Kanada / AFP
March 14, 2025

Günbatar ýurtlarynyň daşary işler ministrleri, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ukraina syýasatyny üýtgetmegi hem-de gümrük paçlaryny girizmegi sebäpli, ýedi hepde dowam eden we ýaranlary bilen gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrmagyndan soň penşenbe güni Kanadada duşuşdy.

Britaniýadan, Kanadadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we ABŞ-dan ybarat bolan G7 toparynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň resmileri, iki gün dowam etjek gepleşikler üçin Kwebek ştatynyň syýahatçylyk merkezi La Malbaie şäherçesinde jemlenşdi. Umumy ylalaşyk bilen tamamlanýan duşuşyklar bu gezek çuňlaşan düşnüşmezlikler bilen tapawutlanýar.

Waşingtonyň ýaranlary üçin iň möhüm mesele ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň sişenbe güni Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde ukrain resmileri bilen geçiren duşuşyklary barada maglumat almak bolar. Ukrainanyň ýolbaşçylary bu gepleşiklerden soň 30 gün möhletli wagtlaýyn ýaraşyk ylalaşygyny goldamaga taýyndyklaryny mälim etdiler.

Emma Kanadanyň G7-niň nobatdaky ýolbaşçylygynyň ilkinji duşuşygynyň öňüsyrasynda ylalaşylan jemleýji beýannamany taýýarlamak eslije kynçylyk döretdi.

ABŞ-nyň polat we alýumin importyna 25 göterim gümrük paçlaryny girizmek hakyndaky kararyna, Kanada we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan desssine jogap çäreleri görüldi we dartgynlygy has-da güýçlendirdi.

Waşington Ukraina bilen baglanyşykly beýanatlara çäklendirmeler girizmek isledi, şeýle-de Russiýanyň sanksiýalar syplmagyna şert döredýän gizlin deňiz söwda ulgamyna degişli aýratyn jarnamanyň kabul edilmegine garşylyk görkezdi we Hytaý bilen baglanyşykly güýçli beýanatyň berilmegini talap etdi.

Rubio duşenbe güni, Waşingtonyň Russiýany we Ukrainany gepleşik stoluna oturtmaga päsgelçilik döredip biljek sözleriň ulanylmagyny islemeýändigini aýtdy. Çarşenbe güni bolsa metbugata beren beýanatynda: "G7-niň beýannamasynyň mazmuny ABŞ-nyň söweşi bes etmek boýunça edýän tagallalarynyň netije bermegine goşant goşýan özbolyşlyga eýe bolmaly " diýip belledi.

G7-ä agza ýurtlaryň diplomatlary Jiddedäki duşuşyklardan alynan oňyn netijeleriň Ukraina bilen baglanyşykly gepleşikleri belli bir derejede ýeňilleşdirip biljekdigini aýtdylar.

 Trampyň Gaýdyp Gelmegi we ABŞ-nyň Ukraina Syýasaty

ABŞ Trampyň 20-nji ýanwarda wezipä gaýdyp gelmeginden soň Ukraina has sopwuk-sala çemeleşmäge başlady. Resmi Waşington söweşiň gysga möhletde gutarmagyny isleýän hem bolsa, ýewropaly ýaranlarynyň uly jogapkärçilige eýe bolmagyny talap etdi, ýöne olaryň geljekki gepleşiklerde eýelejek ornuny aç-açan goldamady. Şol bir wagtyň özünde Moskwa bilen gatnaşyklaryny täzeden ösdürmäge başlady.

 Gümrük Paçlary we ‘51-nji Ştat’ Dartgynlygy

Ýaponiýa ýaly ABŞ-nyň howpsuzlyk kepilliklerine garaşly ýurtlar hem Trampyň berk syýasatlaryndan nesibesini almakdan halas bolup bilmedi.

Ýewropaly diplomatlardan biri Trampyň G8-i Russiýanyň degişli bolmagynda gaýtadan dikeltmek hakyndaky teklibine degişme bilen: “Belkem G8-e garaşarys.” diýip jogap berdi. Russiýanyň agzalygy 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa edendigi üçin togtadylypdy.

Trampyň syýasatlary ABŞ-nyň ýaranlary üçin iň uly kynçylykly meseleleriň biri Kanada bilen ýüze çykan dartgynlyk boldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Trampyň Kanadadan edilýän ähli importlara gümrük paçlaryny girizmek boýunça haýbat atmagy we Kanadany “ABŞ-nyň 51-nji ştaty” hökmünde anneksiýa etmek baradaky beýanatlary sebäpli taryhda iň pes derejä gaçdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio metbugata beren beýanatynda: “G7-niň maslahatynyň temasy şu meseleler bolar. Bu duşuşyk Kanadany nähili aljakdygynyz bilen baglanyşykly däl” diýip, gatnaşyklaryň näderejede adatdan daşary görnüşe eýe bolandygyny nygtady.

Emma bu beýanatlar Otawa üçin ýeterlik bolmaz. Kanadanyň Daşary işler ministri Melani Joly çarşenbe güni eden çykyşynda G7-de berk pozisiýa eýelejekdigini aýdyp: “Her duşuşykda gümrük paçlary meselesini gün tertibine getirerin. Ýewropa bilen bilelikde gaýtawul görkezmek üçin taýýarlyk görýäris we ABŞ-naa gysyş ederiz” diýdi.

Ýewropaly diplomatlar bolsa G7-niň maslahatyna Rubionyň ABŞ-nyň daşary syýasatyndaky güýjüni görmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýarlar.

Tramp Ukrainadan Orta Gündogara çenli giň gerimde, Döwlet departamentine göni dahyly bolmadyk dürli resmileri gepleşiklere degişli etdi. Bu bolsa Waşingtondan gelýän gapma-garşylykly habarlar meselesinde ýaranlaryň aladalanmagyna sebäp boldy.

ÇEŞME:TRT World
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us