South China Morning Post gazediniň duşenbe güni beren habaryna görä, Hytaý, Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynda ýerleşýän Mohmand suw bendiniň gurluşygyny tizleşdirer.
Bu bentiň maksady elektrik energiýasyny öndürmek, sil apatlaryny gözegçilikde saklamak, ekerançylyk üçin suw üpjün etmek we arassa agyz suw bilen üpjün etmekdir. Ol 800 megawatt (MW) gidroenergiýa öndürer we Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň paýtagty Peşawar şäherine, gündelik 1,14 milliard litr arassa agyz suw üpjün eder.
Döwlet eýeçiligindäki Hytaý Energetika Inženerçilik kärhanasy 2019-njy ýyldan bäri Mohmand Gidroenergetika taslamasynyň üstünde işleýär we onuň öňümizdäki ýyl tamamlanmagyna garaşylýar.
Hytaýyň döwlet teleýaýlymy CCTV tarapyndan ýaýradylan soňky habarda, bentiň beton bilen doldurylmagyna başlanandygy we munuň “Pakistanyň milli taslamasynyň möhüm gurluşyk tapgyryny we tizleşdirilen ösüş döwrüni” alamatlandyrýandygy bellenildi.
Bu beýanat Hindistanyň 22-nji aprelde Hindistan dolanşygyndaky Kaşmiriň Pahalgam sebitinde başdan geçirlen we 26 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümden soň, Hindistanyň Pakistan bilen onlarça ýyl bäri dowam edýän Hindi derýasynyň suwlary ylalaşygyny birtaraplaýyn häsýetde çykmagyndan soň berildi. Täze Deli Pakistany hüjüm bilen arabaglanşygy bardygy narada aýyplan bolsa, Yslamabad şol aýyplamalary çürt-kesik ret edýär.
Iki goňşy ýurduň arasyndaky harby dartgynlyk 6-njy maý gijesi Hindistanyň Pakistanda we Pakistan dolanşygyndaky Kaşmire raketalar bilen hüjüm guramagy bilen başlandy. 10-njy maýda Pakistan jogap hökmünde Hindistanyň gündogaryndaky we Kaşmiriň Hindistanyň dolanşygyndaky bölegine hüjüm gurady.
Emma ABŞ-nyň araçylyk etmeginde taraplaryň arasynda ýola goýlan ylalaşyk häzirki wagtda hem güýjüni gorap saklaýar. Iki garşydaş ýurduň goşunlary “hüşgärlik derejesini peseltmek üçin ynam artdyryjy çäreleri” dowam etdirmek barada karara geldiler.