TÜRKIÝE
1 minut okamak
Fidan Ýewropanyň Erdoganyň Gaza we Ukraina babatyndaky berk pozisiýasyna geçendigini aýtdy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Ysraýylyň soňky hereketleriniň Eýranyň ýadro programmasyny özbaşdak ortadan aýyrmaga ukyply bolmandygyny ýüze çykarandygyny habar berdi.
Fidan Ýewropanyň Erdoganyň Gaza we Ukraina babatyndaky berk pozisiýasyna geçendigini aýtdy
12 hours ago

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Gaza we Ukraina uruşlary babatyndaky berk pozisiýasynyň Ýewropaly liderleriň arasynda seslenme tapmaga başlandygyny aýtdy.

Anna güni ýerli A Haber telekanalyna göni ýaýlymda beýanat beren Hakan Fidan, köp sanly ÝB ýurtlarynyň başda Ysraýylyň bähbitlerine ters gelýän ýaraşyk tagallalaryna garşy çykandygyny, emma indi öz pozisiýalaryny täzeden gözden geçirýändiklerini belledi.

Ysraýyl bilen Eýran arasyndaky dartgynlyklaryň üstünde durup geçen Hakan Fidan Ysraýylyň hüjüminiň Eýranyň özüni goramak hukugynyň çäginde jogap bermäge mejbur edendigini aýtdy. Ol Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahuny sebitde durnuksyzlygy artdyrmakda we muny şahsy syýasy bähbitleri üçin ulanmakda aýyplady.

Minstr Hakan Fidan: “Netanýahu häkimiýetde galmak üçin tutuş sebiti oda bermegi göz öňünde tutýar” diýdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Ysraýylyň soňky hereketleriniň Eýranyň ýadro programmasyny özbaşdak ortadan aýyrmaga ukyply bolmandygyny ýüze çykarandygyny habar berdi.

Türkiyäniň Eýran-Ysraýyl konflikti boýunça araçylyk etmek tagallalaryna hem ünsleri çeken Hakan Fidan Prezident Erdogan taraplaryň ikisi bilen hem aragatnaşyga geçip dartgynlylygy azaltmakda konstruktiw rol oýnamagy teklip edendigini habar berdi.

Hakan Fidan Omanda diplomatiýanyň ýakyn wagtda täzeden başlanmagynyň mümkindigini we ABŞ bilen Eýranyň arasynda gepleşikleriň ýola goýulmagyna ýol açyp biljekdigini aýtdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us