DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tripolidäki çaknyşyklar sebäpli ýaşaýjylara öýlerinden çykmazlyklary barada çagyryş berildi
Liwiýada söweşiji toparlaryň biriniň serkerdesiniň öldürilmeginden soň başlan çaknyşyklar sebäpli, şäheriň ähli ýaşaýjylaryna öýlerinde galmaklary we daşaryk çykmazlyklary barada çagyryş berildi.
Tripolidäki çaknyşyklar sebäpli ýaşaýjylara öýlerinden çykmazlyklary barada çagyryş berildi
13 مايو 2025

Liwiýanyň paýtagty Tripoli şäherinde ýaragly çaknyşyk başlady we Içeri işler ministrligi raýatlara öýlerinde galmaklary barada çagyryş berdi.

Liwiýanyň ykrar edilen Milli jebislik hökümeti duşenbe güni beren beýanatynda, Tripoliniň ähli ýaşaýjylarynyň howpsuzlyklarynyň üpjün edilmegi üçin öýlerinde galmaklarynyň we daşary çykmazlyklarynyň zerurdygy beýan edildi.

Ýerli metbugata we resmi maglumatlara görä wakalar Tripoliniň Salahaddin we Abu Salim etraplarynda başlady.

Liwiýanyň Al Ahrar telewideniýe kanaly ýaly ýerli metbugat organlary, paýtagtda wagtal-wagtal ýaragyň sesleriniň eşdilýändigini habar berdiler. Waka söweşiji toparlarynyň biriniň lideri bolan Abdel Ghani al-Kikliniň öldürilendigi bilen bagly entek tassyklanmadyk habarlardan soň başlady.

Liwiýanyň Al Ahrar telewideniýe kanaly Ulaglar ministriniň orunbasary Wissam Al-Idrisiniň Mitiga halkara howa menzilindäki uçar gatnwalarynyň wagtlaýyn häsýetde togtadylandygyny tassyklandygyny habar berdi.

Gysga wagt soň howa menziliniň müdüri Ibrahim Farkaş howa gatnawlaryna tehniki derejede täsir ýetimändigini we “howa giňişliginiň howpsuz we açykdygyny” beýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us