ABŞ-nyň resmileri ýekşenbe güni gije ABŞ-nyň demirgazyk-günbataryndaky Aýdaho ştatynda ýerleşýän Kenfild dagynda bir erkek adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdiler. Bu sebit ozal ýaragly adamlar tarapyndan ýangyn söndürijilere gürpbassy edilen ýer hökmünde bilinýär.
Aýdaho ştatynyň Kutenaý etrabynyň Şerif departamentinden berlen beýanatda: “Şu gün agşam SWAT topary Kenfild dagynda bir erkek adamyň jesedini tapdy we ýanynda şeýle hem bir ýarag tapyldy” diýip habar berildi.
Beýanatda mundan başgada resmiler bilen şahsyýetleri näbelli bolan ýaragly toparyň arasynda başdan geçirlen çaknyşykda güýje girizilen "ýerinde galmak" buýrugynyň ýatyrylandygy aýdylýar.
Ýangyn söndüriji gullugynyň iki işgäri ýogaldy
Ýekşenbe güni Aýdaho ştatynda ýangyny söndürýän ýangyn söndürijilere şahsyýetleri entek anyklanyp bilinmedik ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümde 2 adam ýogalypdy. Ýerli şerif wakanyň dowam edýändigini mälim etdi.
Şerif Roberts Norris metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Häzirki wagta çenli 2 adam ýogaldy. Ençeme adam ýaralandy. Häzirki wagtda hem şol dagdan düşýän adamlar bar. Häzirki wagtda mergen odunyň astyndadyrys” diýip aýan etdi.
Roberts Norris Kutenaý etrabyndaky dagda häzirki wagtda hem ýangynyň dowam edýändigini we howpsuzlyk güýçleriniň hüjümçini iň gysga wagtda täsirsiz ýagdaýa getirjekdigini habar berdi.