12 mai 2025
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Günorta Afrikada ýük ulagy bilen ýolagçy ulagynyň kakyşmagy sebäpli 8 adamyň ýogaldygyny, 16 adamyň ýaralandygyny mälim etdi.
Ýekşenbe güni, Günorta Afrikanyň KwaZulu-Natal sebitinde N2 ýolunda bolan heläkçilikde 4-i agyr 16 adamyň ýaralanandygy aýan edildi.
Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.
Ýol heläkçiliginiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin iş gozgaldy.