SYÝASAT
1 minut okamak
Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjak wekiliýetler...
Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Russiýaly we Ukrainaly wekiliýetler bilen duşuşar.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjak wekiliýetler...
16 мая 2025 г.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda şu gün Stambulda geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjak wekiliýetler belli boldy.

Gepleşiklere gatnaşjak Türkiýäniň wekiliýetine Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet sekretary Marko Rubio, Ukrainanyň wekiliýetine Goranmak ministri Rüstem Umerow we Russiýanyň wekiliýetine Prezident Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk eder.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjak resmi wekiliýetiň kesgitlenilmegi üçin ýörite karar kabul etdi.

Türkiýeli, Amerikaly we Russiýaly ýolbaşçylar bilen duşuşmagyna garaşylýan wekiliýete Goranmak ministri Rüstem Umerow ýolbaşçylyk eder.

Ukrainaly wekiliýetde Daşary işler ministriniň orunbasary, Razwetka gullugynyň başlygynyň orunbasary, Baş ştabyň başlygynyň orunbasary, Howa güýçleri serkerdeliginiň ýolbaşçylary, Deňiz güýçleri serkerdeliginiň ýolbaşçylary ýer alýar.

Wladimir Medinskiýiň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetinde Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin, Russiýanyň Baş ştabynyň başlygynyň razwetka gullugynyň müdüri Igor Kostýukow we Russiýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Aleksander Fomin bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar ýer alýar.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us