Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, “Papa Fransiskiň aradan çykmagyna uly gynanç bildirýärin” diýdi.
Erdogan, duşenbe güni X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Katolikleriň ruhany lideri, Watikanyň döwet Ýolbaşçysy Papa Fransiskiň aradan çykmagyna uly gynanç bildirýärin” diýdi.
Papanyň Gazadaky genoside görkezen garşylygy we Palestin meselesine beren goldawlary barada öwgüli sözler aýdan Erdogan “ Hormatly döwlet adamy bolan Papa Fransisk şol bir wagtda tapawutly ynançlaryň arasyndaky dialoga uly ähmiýet berýän, esasan Palestina meselesine goldaw berýän we Gazadaky genosidiň başda durmagynda adamzat pajygasyna garşy duran ruhani liderdi” diýdi.
Erdogan ýüzlenmesinde “Papanyň maşgalasyna, Watikan döwletine we Katolik dünýäsine öz adymdan we halkymyň adyndan duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.
“Ähliumumy gymmatlyklary ileri tutýan görelde alarlyk lider”
Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz hem Watikana we katolik dünýäsine gynanç bildirdi.
Ýylmaz, “Dünýäniň wyždanyny ýaralan birnäçe krizise garşy berk tutum alyp baran, esasan Gazadaky genoside we Palestin halkyna garşy edilýän zuluma berk garşylyk görkezen, ähliumumy gymmatlyklary ileri tutýan görelde alarlyk lider hökmünde hatyralanmaga dowam eder” diýdi.
Merhum Papa, fewral aýynda bronhit sebäpli Rimde hassahanada berjergi almaga başlapdy, bu kesel soň iki taraplaýyn pnewmoniýa öwrüldi.
38 gün soň hassahanadan çykan Papa öýünde dynç alýardy.
Watikan duşenbe güni Papanyň aradan çykandygyny habar berdi.