DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýranyň dini lideri Hamaneý, Ysraýyl bilen bolan çaknyşykdan soň köpçüligiň öňünde çykyş etdi
86 ýaşyndaky Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, Ymam Hüseýiniň şehit bolan gününe bagyşlanan dini çärä gatnaşdy.
Eýranyň  dini lideri Hamaneý, Ysraýyl bilen bolan çaknyşykdan soň köpçüligiň öňünde çykyş etdi
6 часов назад

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý, ýurdunyň Ysraýyl bilen bolan 12 günlük çaknyşygyndan soň ilkinji gezek köpçüligiň öňünde çykyş etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Hamaneý paýtagt Tähranda geçirlen dini çärä gatnaşdy.

Döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, 86 ýaşyndaky Ali Hamaneý Tähranda Ymam Hüseýiniň şehit bolan gününe bagyşlanan hatyralama çaresine gatnaşdy.

Wideo ýazgylarda gara egin eşik geýen Hamaneýiň sahna çykýan pursatlarynda çärä gatnaşyjylaryň “Damarlarymyzdaky gan liderimiz üçin” diýip şygarlar aýdandygy görülýär.

Döwlet telewideniýesiniň habarynda Hamaneýiň Tähranyň merkezindäki Ymam Humeýni metjidine barandygy nygtaldy.

1989-njy ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Hamaneý, geçen hepde ozal alynan wideo ýazgy arkaly halka ýüzlenip çykyş edipdi.

Emma Ysraýylyň 13-nji iýunda garaşylmadyk ýagdaýda howa hüjümlerini guramagy sebäpli başlan çaknyşykdan soň halka açyk ýerde görülmändi.

Hamaneý Ysraýylyň hüjümlerinden iki gün öň halk deputatlary bilen duşuşypdy.

Ysraýylyň guran bombaly hüjümleri Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmegini bökdemegi maksat edinýärdi.  Eýran bolsa ýadro ýaragyny öndürmek ýaly niýetinin ýokdygyny beýan edýär.

Eýranly görkezijilere görä, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Eýranda 900-den gowrak adam ýogaldy.

Eýranyň ar almak maksady bilen guran raketa hüjümlerinde Ysraýylda azyndan 28 adam ýogaldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us