DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistan Naksalit gozgalaňçylaryna uly zarba urdy we onlarça maoisti öldürdi
Hindistanyň Içeri işler ministri Amit Shah, hökümetiň geljek ýylyň 31-nji martyna çenli Naksalit hereketine uly zarba urjakdygyny mälim etdi.
Hindistan Naksalit gozgalaňçylaryna uly zarba urdy we onlarça maoisti öldürdi
19 hours ago

Hindistanyň howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, şu gün ýurduň çar tarapynda gozgalaňçylara garşy geçirlen oeprasiýada azyndan 25 maoist öldürildi.

Hindistan 1967-nji ýylda başlan aşa çepçi Naksalit gozgalaňçylaryna garşy geçirýän operasiýalaryny dowam etdirýär.

Karreguttalu depeleri bir wagtlar Naksalit toparynyň ýarag paýlanyş we strategik tälim merkezi hökmünde ulanylýardy.

Naksalitler sebitdäki uly tire-taýpalaryň hukuklaryny goramagy maksat edinýändiklerini öňe sürýär.

Toparyň 2000-njy ýyllaryň ortalarynda 20 müňe golaý agzasy bardy we toparyň ýurduň 1/3 göteriminde täsiriniň dowam edýändigi nygtalýardy.

Çhattiggarh sebitiniň howpsuzlyk güýçleriniň ýolbaşçysy Wiwekenad Sinha, AFP-ä beren beýannamasynda “Çaknyşykda 25-den gowrak maoist öldürildi” diýdi.

“Naksalizmi düýbünden ýok etmek”

Çaknyşyk Çhattisgarhyň Naraýanpur etrabyndaky tokaýlyk meýdan uzak ýyllaryň dowamynda Maoistleriň galasy hökmünde bilinýän sebitde başdan geçirildi.

Sinha, çaknyşygyň başdan geçirilýän sebitinde maoistleriň lideriniň hem şol sebitde iş alyp barýandygynyň anyklandygyny aýtdy.

Sinha çaknyşyklarda öldürlenleriň şahsyýetiniň heniz doly anyklanmandygyny nygtady.

Strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän depänyň gözegçiliginiň ele geçirilmegi maksady bilen üç hepdeden bäri geçirilýän operasiýada 31 maoistiň öldürlendigi nygtaldy.

Hökümetiň görkezijilerine görä, geçen ýyldan bäri operasiýalarda 400-den gowrak gozgalaňçy öldürildi.

 

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us