Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Prezident Erdogan, Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy bilen gutlady.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media platformasyndan beren habarnamasyna görä, Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M. K. Atatürkiň öňbaşçylyk etmeginde 1919-njy ýylda başladylan Milli Azat edijilik söweşiniň başlangyjy bolan 19-njy maýyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan gutlagynda “Biz ata-babalarymyzyň bize miras goýan mukaddes watanyny we respublikany goraýarys. Türkiýe Respublikasy döwletiniň ähli taraplaýyn gülläp ösmegi we güýçlenmegi üçin aýgytly ädim ädýäris” diýdi.
Türk ýaşlaryny diňe gelejegiň binägärleri hökmünde däl eýsem özgerlişikleriň esasy güýji hökmünde görýändiklerini aýdan Erdogan, olaryň erjelligi we arzuw-hyýallary bilen medeniýetimiziň mirasyny ýüreklerinde göterip Türkiýe asyrynda uly rol oýnajakdyklaryna ynanýandygyny belledi.
Türkiýäniň geljegi
Prezident Erdogan, Türkiýäniň ýagty geljegi gurulýarka, ýaşlardan ýerlikli peýdalanylmagy üçin ähli kynçylyklary ortadan aýyrýandyklaryny belledi.
Erdogan “Biz ýaşlarymyza parahat we asuda, ýokary tehnalogiýalar bilen üpjün edilen we gülläp ösýän ýurdy miras goýmak barada beren wadamyzda durmak üçin arman-ýadaman irginsiz isleýäris”diýdi.
Prezident Erdogan “Bilimden sungada, sportdan oba hojalyga, diplomatiýadan ýadro tehnalogiýalaryna çenli ähli ugurlarda öňe gidişlik etmekleri üçin olara mümkinçilik döredýäris. Beýik we güýçli Türkiýe maksadymyza ýetmek üçin ýaşlarymyz bilen birlikde egin-egine ýöreýäris” diýdi.
Erdogan “Maksadyna ýetmek üçin yhlasly işleýän we asla boýun egmän ata-babalaryndan alan medeni mirasyny beýgeltmek isleýän ýaşlaryma goldaw bermäge dowam ederis” diýip belledi.
Ýaşlar we Sport baýramy
Prezident Erdogan “Täsiri gün saýyn güýçlenip merkezi ýurda öwrülen Türkiýäniň gazanýan we gazanjak her üstünliginde ýaşlarymyza ýer bermäge we olary ähli taraplaýyn höweslendirmäge dowam ederis” diýdi.
Erdogan “Gazi Mustafa Kemalyň başda durmagynda Milli azat edijilik söweşiniň ähli gahrymanlaryny hormat bilen hatyralady.
1919-njy ýylyň 19-njy maýy 4 ýyl soň Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy bolan Atatürkiň ýurdy döwrebap Türkiýä öwürjek söweşini başlatmak üçin Stambuldan Gara deňizde ýerleşýän Samsun şäherine giden günüdir.
Atatürk 1938-nji ýylda 19-njy maýy türk halkynyň ýaşlaryna Ýaşlar we Sport baýramy hökmünde sowgat edýär.
Bu milli baýramda ýaşlar resmi dabaralara, sport we medeni çärelere gatnaşýar.