Eýranyň Ýaragly güýçleri ysraýyllylara ýurtlaryny terk etmekleri barada çagyryş berip, öňümizdäki günlerde başdan geçiriljek wakalar sebäpli sebitiň “ýaşap bolmajak” ýagdaýa geljekdigi barada duýduryş berdi. Bu beýanat sebitleýik iki bäsdeşiň arasyndaky harby çaknyşygyň dowam edýän günlerinde, Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berildi.
Eýranyň Ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşçisi Ryza Seýýad ýekşenbe güni beren beýanatynda, Ysraýyla garşy täze tolkun hüjümleriň başlamagyndan soň: “Öňümizdäki günler üçin duýduryş: Basyp alyşlyk astyndaky topraklary terk ediň, sebäbi geljekde ýaşap bolmajak ýagdaýa geler” diýip nygtady.
Seýýad: “Ýeriň astyna sygynmak ysraýyllylary howpsuzlyk astyna almaz. Şol sebäpli şuny nygtap geçmek isleýärin: Jenaýat režimiň sizi adam galkany hökmünde ulanmagyna rugsat bermäň” diýip duýduryş berdi.