“Ze Taýmes” gazetiniň berýän habaryna görä, Britaniýa bilen birlikde beýleki hyzmatdaşlary Gazadaky söweş sebäpli aşa sagçy Ysraýylly ministrler İtamar Ben-Gwir bilen Besalel Smotriçe sanksiýa goýar.
Gazetiň berýän habaryna görä, London, Kanada, Awstraliýa we Täze Zelandiýa bilen birlikde beýleki ýurtlar, Ysraýylyň Milli howpsuzlyk ministri we Günbatar Şerialy ýaşaýjy Ben-Gwir bilen Maliýe ministri Smotriçiň emlagyny saklar we syýahat gadagançylygyny goýar.
Britaniýanyyň Daşary işler ministrligi mesele hakynda hiç hili maglumat bermedi.
Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar bu göçümi “aşa” hökmünde häsiýetlendirdi.
Saar metbugata beren beýannamasynda, hökümetiň kabul edilmesiz karara degişli jogabyň berilmegi üçin nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişjekdigini aýtdy.
Britaniýa hem beýleki Ýewropa ýurtlary ýaly Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň hökümetine, Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine rugsat bermegi üçin basyş edýär.
London geçen aý Ysraýyl bilen erkin söwda gepleşiklerini Günbatar Şeriadaky we Gazadaky aksiýalary sebäpli saklapdy we Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrypdy.
Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammi, Ysraýylyň soňky hüjümini “çaknyşykda täze garaňky tapgyr” hökmünde häsiýetlendirdi.