Russiýanyň ABŞ-daky ilçisi iki ýurduň arasynda gepleşikleriň täze tapgyrynyň Moskwada geçiriljekdigini habar berdi.
Aleksandr Darçiýew sişenbe güni Russiýanyň döwlet habarlar agentligi TASS-a beren beýannamasynda, kararyň deslapky taýýarlykdygyny we esasy meseläniň şol bir görnüşde galandygyny, ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklardaky "ýaramaz täsir ýetirji elementleri" azaltmak boljakdygyny mälim etdi.
Aleksandr Darçiýew wagt babatynda bolsa çäräniň “ýakyn wagtda” amala aşyryljakdygyny beýan etdi.
Aleksandr Darçiýew: “Rus-amerikan gatnaşyklarynyň gowulaşmagynyň henizem uzakdadygyny we bu tapgyryň diňe bir "çuňňur döwlet" tarapyndan häsiýetlendirilen Ak Tamyň oppozisiýasy tarapyndan däl, eýsem bolsa, Russiýa garşy hemişelik lobbisi bolan Kongresdäki "gyrgylar" tarapyndan päsgelçilik döredýändigini belläpdim” diýip habar berdi.
Russiýanyň we ABŞ-nyň ilçihanalarynyň işini kadalaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky päsgelçilikleri çözmek üçin 27-nji fewralda we 10-njy aprelde Stambulda maslahatlar geçirilipdi.
Rus wekiliýetine Darçiýew ýolbaşçylyk eden bolsa, ABŞ wekiliýetine Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisi Sonata Koulter ýolbaşçylyk etdi.
Aleksandr Darçiýew: “Wekiliýetleriň arasyndaky gepleşikleriň nobatdakysynyň ýakyn wagtda Moskwada geçiriljekdigini tassyklap bilerin” diýdi.
Gepleşikleriň ilkinji tapgyrydnan soň Waşington Darçiýewiň Russiýanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesine bellenmegini tassyklapdy.