SYÝASAT
2 minut okamak
Kreml: Şertler ýerine ýetilen halatynda Putin Zelenskiý bilen duşuşup biler
Stambulda geçirlen parahatçylyk gepleşikleriniň yzy ýanyndan Ukrainanyň Sumy sebitiniň golaýynda ýolagçy awtobusyna hüjüm guraldy.
Kreml: Şertler ýerine ýetilen halatynda Putin Zelenskiý bilen duşuşup biler
17 май 2025

Kreml, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, iki ýurduň arasynda belli ugurlarda ylalaşyk gazanylan halatynda Zelenskiý bilen duşuşyp biljekdigini aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Putin bilen Zelenskiýniň soňky gezek 2019-njy ýylyň dekabr aýynda duşuşandygyny belledi.

Asuda ilatdan 9 adam ýogaldy

Ukrainaly ýolbaşçylar, Russiýa degişli uçarmansyz howa ulagynyň şenbe güni Ukrainanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Sumy sebitinde ýolagçy awtobusyna hüjüm gurandygyny, hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Moskwa bilen Kiýewiň birnäçe ýyl soň ilkinji gezek parahatçylyk gepleşiklerini geçirmeginiň yzy ýanyndan hüjüm guraldy.

Sumy sebitiniň ýolbaşçylary Telegramdan beren habarnamasynda “Russiýa asuda ilaty alyp barýan awtobusa bilkastlaýyn hüjüm gurady. Bu Russiýa tarapyndan edilýän harby jenaýatyň bir görnüşi” diýildi.

Suminiň harby ýolbaşçylary, Bilopillýa şäheriniň golaýynda Sumy sebitine tarap barýan awtobusa ruslar tarapyndan hüjüm guralandygyny mälim etdi.

Serhetgalasynda ýerleşýän Ukrainanyň Sumy sebiti, mart aýyndan bäri ýygy-ýygydan Moskwa tarapyndan guralýan bombaly hüjümlere sezewar bolýar.

Ukrananyň harby güýçleriniň 2024-nji ýylyň tomus aýlarynda Russiýanyň Kursk sebitinden çekilmeginden soň Sumy sebitine guralýan hüjümler artdy.

Soňky hüjüm anna güni Russiýanyň Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Donesk we günorta gündogarynda ýerleşýän Herson sebitlerine guran hüjümlerinde 3 adamyň ýogalmagyndan soň guraldy.

Iň uly ýesir çalşygy

Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başladan hüjümlerinden gysga wagt soň 2022-nji ýylyň bahar aýlarynda Stambulda gepleşik geçirlipdi. Şol günden soň Ukraina bilen Russiýanyň arasynda anna güni geçirlen ilkinji gepleşiklerde iki tarapyň 1000 ýesirini çalyşmagy boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Emma üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän Ukraina uly zeper ýetiren we millionlarça adamyň öýüni terk etmegine sebäp bolan çaknyşygyň bes edilmegi boýunça hiç hili öňe gidişlik edilip bilinmedi.

Russiýanyň adyndan gepleşiklere gatnaşan Wladimir Medinskiý “iki tarap hem gelejekde atyşyň bes edilmegi baradaky garaýyşlaryny hödürledi” diýdi.

Ukrainanyň adyndan gepleşiklere gatnaşan Goranmak ministri Rustem Umerow “mundan soňky başlangyç Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen Russiýanyn Prezidenti Putiniň duşuşygy bolar” diýdi.

Liderleriň Türkiýede duşuşyp biljekdigini aýdan Wladimir Putin duşuşyga gitmekden ýüz öwürdi. Zelenskiý bolsa Putini “gorkmakda” we Russiýanyň gepleşikleri “çynlakaý kabul etmezlikde” günäkärledi.

Şertsiz atyşygy bes emek

Zelenskiý, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we Polşanyň liderleri bilen birlikde Albaniýada geçirlen Ýewropa sammitine gatnaşdy.

Zelenskiý Stambul gepleşikleri netjesiz bolan halatynda dünýä ýurtlarynyň Russiýa garşy berk sanksiýa goýmagyny talap etdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Moskwa “şertsiz atyşygy bes etmegi” ret eden halatynda, Ýewropa ýurtlarynyň ABŞ bilen birlikde Russiýa garşy goşmaça sanksiýa goýup biljekdigini aýtdy.

Hem Moskwa hem-de Waşington, Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin duşuşmalydygyny nygtaýar.

Tramp, Putin bilen duşuşýança hiç hili öňe gidişligiň bolmajakdygyny aýtdy.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us