Eýranyň resmileri Ysraýyl bilen 12 gün dowam eden çaknyşyklarda Ysraýylyň hüjümlerinde azyndan 935 adamyň ölendigini habar berdi.
Ýarym resmi Tasnim habarlar agentligi tarapyndan berlen habalara görä, Kazyýet organynyň metbugat sekretary Asgar Jihangir duşenbe güni beren beýanatynda, ýogalanlaryň 132-si zenanlardan we 38-i çagalardan ybarat.
Saglygy goraýyş ministrligi ozal Ysraýylyň hüjümlerinde 606 adamyň ýogalandygyny we 5332 adamyň ýaralanandygyny habar beripdi.
Asgar Jihangir Tähranyň demirgazyk-günbataryndaky Ewin tussaghanasyna guralan hüjümlerde 79 adamyň ýogalandygyny, şolaryň hatarynda tussaglylaryň, tussaghananyň işgärleriniň we şol golaýda ýaşaýan asuda ilatyň bardygyny habar berdi.
Ewin tussaghanasynyň ulanyp bolmajak ýagdaýa gelendigini we tussaglaryň ewakuasiýa edilendigini mälim eden Jihangir, bu hüjümi "esasy adam hukuklarynyň we halkara kararlarynyň aç-açan bozulmagy" diýip häsiýetlendirdi.
Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky çaknyşyk 13-nji iýunda, Tel-Awiwiň Eýranyň harby, ýadro we raýat nyşanalaryna howa hüjümlerini amala aşyrmagy bilen başlady.
ABŞ, hem çaknyşyklary dartgynlaşdyryp, Eýranyň Fordo, Natanz we Yspyhandaky ýadro desgalaryny bombalady.
Tähran Ysraýyla garşylyk görkezip, raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler gurady. Iýerusalim Ýewreý uniwersiteti tarapyndan berilen maglumata görä, şol hüjümlerde azyndan 29 adam ýogaldy, 3400-den gowrak adam ýaralandy.
Çaknyşyklar 24-nji iýunda ABŞ-nyň araçylyk etmeginde ýola goýlan ýaraşyk bilen tamamlandy.