SYÝASAT
1 minut okamak
Kreml: ABŞ-Russiýa gepleşikleri ýakynda başlar
Kreml, ABŞ bilen Russýanyň arasyndaky nobatdaky gepleşigiň ýekşenbe ýada hepdäniň başynda duşenbe güni geçirilmegine garaşýandygyny mälim etdi. Şol gepleşik Waşingtonyň resmi Kiýew bilen geçirjek gepleşigine gabat gelýär.
Kreml: ABŞ-Russiýa gepleşikleri ýakynda başlar
March 22, 2025

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow penşenbe güni beren beýannamasynda “Gepleşikler, ýekşenbe güni ýada gelejek hepdäniň başynda başlap biler” diýdi.

Peskow, Ýewropa ýurtlaryny parahatçylyga goldaw bermegiň ýerine olary “harbylaşdyrmak” meýilnamalaryny taýarlamakda günäkärledi. Bu beýannamanyň harby liderleriň Ukrainanyň howpsuzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Beýik Britaniýada jemlenşen güni berildi.

Peskow “Brýusselden we Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlaryndan gelen habarlaryň esasy bölegi, Ýewropany harbylaşdyrmak meýilnamalary bilen arabaglanşykly"”diýdi.

Peskow “Ýewropa özüni harbylaşdyrmagy saýlap aldy we söweşiň tarapynda durdy” diýip belledi.

Ýewropa, Ukrainanyň howpsuzlygyna goldaw berer

ÝB-niň liderler sammitine gatnaşan Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Waşington bilen Moskwanyň arasynda geçiriljek haýsydyr bir duşuşykdan garaşsyz ýagdaýda Ýewropanyň Ukraina güýçli goldaw bermäge dowam etmelidigini aýtdy.

Olaf Şols, “Bu Ukrainanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny goramagy, öz ýoluny kesgitlemegi, liderlerini özü saýlamagy we güýçli harby goşuna eýe bolmagy manysyny aňladýar” diýdi.

ÝB-niň Daşary syýasatdan jogapkär ýolbaşçysy Kaža Kallas, Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmelidigini, esasan söweş sebäpli uly ýitgi çekýän ýurduň ok-däri bilen üpjün edilmelidigini belledi.

Roýteriň berýän habaryna görä, Kaža Kallas ozal ýazan hatlaryndan birinde Ukraina iki milliona golaý ok-däri berilmelidigini nygtapdy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us