SYÝASAT
2 minut okamak
Serhetsiz lukmanlar: Ysraýyl Gazany “köpçülikleýin mazara” öwürdi
Serhetsiz lukmanlar jemgyýeti, Ysraýylyň hüjümlerinde palestinalylaryň öldürlendigini we saglygy goraýyş işgärleriniň ýaralananlary bejermek üçin çäkli mümkinçilikleri bilen göreşýändigini we Gazanyň köpçülikleýin mazara öwrülendigini mälim etdi.
Serhetsiz lukmanlar: Ysraýyl Gazany “köpçülikleýin mazara” öwürdi
Serhetsiz lukmanlar: Ysraýyl Gazany “köpçülikleýin mazara” öwürdi / Reuters
April 16, 2025

Serhetsiz lukmanlar jemgyýeti, çarşenbe güni beren beýannamasynda, Gaza sektorynyň demirgazygynda azyndan 13 palestinalynyň öldürlendigini we günortadaky Rahaf şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylýandygyny mälim etdi.

Beýannamada, Gazanyň palestinalylar we olara kömek bermäge çalyşýanlar üçin köpçülikleýin mazara öwrülendigi nygtaldy.

Palestinaly saglygy goraýyş işgärleri soňky howa hüjüminde 10 adamyň ýogalandygyny, şolaryň arasynda tanymal ýazyjy we fotosuratçy Fatema Hassounanyň hem bardygyny mälim etdi. Gazanyň demirgazygynda başga bir öýe guralan hüjümde bolsa 3 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Ysraýyl Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherini dolulygyna gözegçiligi astyna aldy. Ysraýylyň harby goşuny şäherdäki ýaşaýyş jaýlaryny ýykýar. Ysraýylly ýolbaşçylary Gazadaky howpsuz zolaklaryň giňeldilmegi, Hamasa basyş edilmegi we ýesirleriň boşadylmagy maksady bilen ýaşaýyş jaýlarynyn ýykylýandygyny nygtaýar.

Medekins Sans Frontieresiň Gazadaky utgaşdyryjysy Amande Bazerolle “Gaza, Palestinalar we olara kömek bermäge çalyşýanlar üçin köpçülikleýin mazara öwüldi. Gazanyň ilatynyň dolulygyna ýok edilmegine we zor bilen ewakuasiýa edilmegine şaýatlyk edýäris” diýdi.

Palestinalylar we olara kömek bermäge çalyşýanlar üçin howpsuz ýeriň ýokdygy sebäpli ynsanperwer kömeginiň halka ýetirilmeginde uly kynçylyk başdan geçirilýär. Halkyň saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi bolsa iňňän çäkli.

Müsüriň, Kataryň we ABŞ-nyň Gazadaky ylalaşygyň dikeldilmegi we ysraýylly ýesirleriň boşadylmagy baradaky tagallalary, Ysraýylyň we Hamasyň tutumynyň üýtgemändigi sebäpli netijesiz boldy. Hamas, ýanwar aýyndaky ylalaşygyň Ysraýylyň Gazadan çekilmegi we söweşiň bes edimegi baradaky ikinji tapgyryna geçmek isleýändigini mälim etdi.

Palestinaly saglygy goraýyş ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, Ysraýylyň genosid söweşinde azyndan 51 müň palestinaly öldürildi.

Halkara jenaýat kazyýeti, geçen ýylyň noýabr aýynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň we ozalky Goranmak ministri Galladyň Gazada eden adamzat jenaýaty sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul edipdi.

Ysraýyl hakynda Gaza söweşi sebäpli Halkara Adalat diwanynda hem iş gozgalypdy.

Esasy hojalyk önümleri lukmançylyk enjamlary

 Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýylyň mart aýynyň başyndan bäri ýangyç, azyk we lukmançylyk enjamlary kömeginiň halka ýetirilmegini bökdemegi sebäpli hassahanalaryň işiniň gün saýyn agyrlaşýandygyny mälim etdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, “Ýüzlerçe hassanyň we ýaralynyň ýagdaýy gümrük geçelgeleriniň ýapyk bolmagy sebäpli gün saýyn agyrlaşýar” diýildi.

Ysraýyl, jezalandyryjy çäreleriň Hamasa basyş edilmegini maksat edinýändigini nygtaýar. Palestinaly topar bolsa köpçülikleýin jezalandyrma berk garşylyk görkezýär.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi, asuda ýagdaýda geçen iki aýdan soň mart aýynda harby hüjümleriň başlamagyndan soň Ysraýylyň 1600-den gowrak palestinalyny öldürendigini mälim etdi.

Beýleki tarapyndan Hamasyň elinde ysraýylly 59 ýesir bar. Ysraýyl şolardan 24-niň ýaşaýandygyna ynanýar.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us