DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ispaniýanyň premýer-ministri Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerini "genosid" hökmünde häsiýetlendirdi
Sançes Gazadaky ýagdaýy "genosid" hökmünde häsiýetlendirdi we ÝB-ne Ysraýyl bilen şertnamany togtatmak barada çagyryş berdi.
Ispaniýanyň premýer-ministri Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerini "genosid" hökmünde häsiýetlendirdi
5 saat əvvəl

Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes Gazadaky ýagdaýy “genosid” hökmünde häsýetlendirip, Ysraýylyň gabaw astyndaky sebitde amala aşyrýan köpçülikleýin gyrgynçylyk babatynda ýewropaly lideriň häzirki wagta çenli iň ýiti sözlerini orta goýdy.

Pedro Sançes penşenbe güni Brýusselde geçiriljek ÝB sammitinden ozal beren beýanatynda: “Gaza elhenç genosid ýagdýayndadyr” diýip nygtady.

Ysraýylyň adam hukuklary jogapkärçilikleriniň düzgünlerini bzandygyny görkezýän subutnamalaryň bardygyny görkezýän habarnamalara salgylanyp beýanat beren Sançes, Ýewropa Bileleşigini Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny dessine togtatmagy çagyrdy.

Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň beýanatyny gözleg we halas ediş toparlarynyň azyndan 76 adamyň Ysraylyň harby güýçleri tarapyndan öldürilendigi, hüjümleriň dowam edýändigi we derman ýetmezçiliginiň çekilýändigi baradaky habarlardan soň berdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us