Ukrainanyň Çernigow welaýatynyň gubernatory Wýaçeslaw Çaus, düýn gijäniň dowamynda Russiýanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen Ukrainanyň demirgazygyndaky Pryluky şäherine guran hüjümlerinde, aralarynda 1 ýaşly bäbek hem bolan azyndan 5 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Hüjümlerde 6 adamyň hem ýaralanandygyny we hassahanalara ýatyrylandygyny aýdan Çaus, penşenbe güni irden sagat 06:00 töweregi Şahed kysymly uçarmansyz howa ulaglarynyň Prylukydaky ýaşaýy zolaklaryna gaçandygyny we ýaşaýyş ýerlerine zeper ýetendigini habar berdi.
Harkow sebitiniň başlygy Oleg Sinegubow Telegram hasabyndan beren maglumatyna görä, Ukrainanyň gündogaryndaky Harkow şäherinde rus uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjüminde aralarynda çagalar, hamyla zenan we 93 ýaşyndaky zenan hem bolan jemi 17 adam ýaralandy.
Oleg Sinegubow Telegram hasabyndan sagat 01:05 töweregi Şahed kysymly uçarmansyz howa ulaglarynyň şäheriň Slobidskiý sebitindäki 2 ýaşaýyş binasyna degendigini, ýangynlara sebäp bolandygyny we birnäçe hususy ulaga zeper ýetendigini belläp: “Duşman adamlar öýlerinde ýatan mahaly hüjümler gurap, hyýanatçylykly terror hüjümini ýene-de bir gezek görkezdi” diýip beýan etdi.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň goşuny penşenbe güni Russiýanyň Brýansk sebitinde Ukraina hüjüm guramak üçin taýýarlyk görendigi anyklanan rus raketa ulgamlaryny hatardan çykarandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Baş ştaby Telegram hasabyndan: “Bir rus raketa ulgamy partlady, beýleki ikisine bolsa zeeper ýetdi” diýip mälim etdi.