10 hours ago
Hindistanyň günortasynda ýerleşýän Telangana sebitinde ýekşenbe güni ir ertir bir binada bolan ýangynda 17 adam ýogaldy.
Ýolbaşçylar ýangyna elektrik togynyň sebäp bolandygyny nygtaýar.
Ministr Kishan Reddy, Haýdarabad şäherindäki Çarminar ýadigärliginiň golaýynda bolan ýangyndan soň degişli kömegiň beriljekdigini aýtdy.
Roýter habarlar gullugy ýangyna elektrik togynyň sebäp bolandygyny habar berdi.
Ýangynyň ýerzemin gatdan başlandygy we beýleki gatlara ýaýrandygy bellenildi.
Ýangynda ýogalanlaryň arasynda 5 ýaşyna ýetmedik 6 çaganyň bardygy ýatladyldy.
Ýangynyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin iş gozgaldy.