Polisiýa gullugynyň resmileri tarapyndan berlen habara görä Owganystanyň demirgazygynda kömür käninde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 7 adam ýogaldy, 2 adam bolsa ýaralandy.
Welaýat Polisiýa serkerdeliginden berlen beýanata görä partlama çarşenbe güni Samangan welaýatynyň Dare Suf Paýin etrabyndaky kömür käninde başdan geçirildi.
Gözleg we halas ediş toparlary we howpsuzlyk gullukçylary gysga wagtyň içinde wakanyň bolan ýerine geldiler, ýaralanan adamlary halas etdiler we ýogalan adamlaryň jesetlerini kömür käninden çykardylar.
Welaýat Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Haşmatullah Rahmani, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, partlamanyň kömür käninde metan gazynyň ýygnanmagy netijesinde bolandygyny we 7 adamyň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny habar berdi.
Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanada bejergi astyna alyndy.
Owganystanda howpsuzlyk çäreleriniň ýeterlik derejede bolmandygy sebäpli kömür käninde bular ýaly görnüşli wakalar ýygy-ýygydan başdan geçirilýär.