DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hamas: “Palestina daşary ýurt düzgünini kabul etmez, ýaraglaryny taşlamaz” diýdi
Hamasyň ýokary derejeli resmisi Halid Meşal Palestinanyň geljegi üçin Ysraýyl basybalyjylygyna garşy agzybirligiň we garşylygyň ähmiýetini nygtady.
Hamas: “Palestina daşary ýurt düzgünini kabul etmez, ýaraglaryny taşlamaz” diýdi
Gaza / TRT Global
March 10, 2025

Hamas Palestinanyň halkynyň öz topraklaryny dolandyrmak hukugyna eýedigini we Ysraýylyň basyp alyşlygy dowam etdigi saýyn ýaraglaryny taşlamajakdygyny beýan etdi.

Hamasyň diasporalardaky ofisleriniň başlygy Halid Meşal, daşary ýurtlardan özlerine hiç hili syýasy ulgamyň mejbur edilmejekdigini habar berdi.

Hamas ýekşenbe güni Halid Meşalyň Müsüriň paýtagty Kair şäherinde geçirilen we azat edilen palestinaly raýatlary hormatlamak üçin geçirlen dabarada eden çykyşynyň wideosyny paýlaşdy.

Meşal: “Gaza diňe halkyna degişlidir, hem Gazanyň halky, hem-de Günbatar Şerianyň halky watanlaryny başga bir ýere çalyşmazlar” diýip belledi.

“Palestinanyň alternatiwasy ýok”

Halid Meşal Ysraýylyň gabaw astyndaky Gazadaky we basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriadaky palestinalylaryň topraklaryna berk baglydyklaryny beýan etdi.

“Palestinanyň alternatiwasy ýok, diňe Palestina bar. Arap we Yslam ýurtlaryna hormat goýýandygymyza garamazdan, hiç bir zat biziň watanymyzyň ornuny tutup bilmez” diýip belledi.

Meşal, Palestiniň diňe öz halky tarapyndan dolandyryljakdygyny we daşary ýurt syýasy ulgamynyň mejbur edilmejekdigini habar berdi.

Milli jebisligiň Palestinanyň sezewar galan kynçylyklaryna ünsleri çekdi we Arap dünýäsine Palestinanyň halkynyň ýanynda durmagy barada çagyryş berdi.

Meşal Gazanyň agyr dildüwşüge sezewardygyny, halky aç goýup, sürgün etmäge synanyşýandyklaryny habar berdi.

Meşal: “Gazanyň geljegi, dolandyrylyşy, ýaraglary we garşylyk güýji howp astynda” diýdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us