DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistan tehniki näsazlyk sebäpli emeli hemrasyny uçuryp bilmedi
ISRO-nyň resmileri basyş kamerasynyň basyşynyň peselendigini mälim etdi.
Hindistan tehniki näsazlyk sebäpli emeli hemrasyny uçuryp bilmedi
منذ 13 ساعات

Ýurduň kosmos agentligi, Hindistanyň täze ýer gözegçilik hemrasyny uçurmak synanşygynyň uçuşyň üçünji tapgyrynda ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli şowsuz bolandygyny mälim etdi.

Hindistanyň Kosmos gözegçilik guramasy ISRO-nyň ýolbaşçysy Naraýanan ýekşenbe güni beren beýannamasynda PSLW-J61 uçuş enjamynyň üçinji tapgyrynda kamera basyşynyň peselendigi sebäpli emeli hemranyň uçurlyp bilinmändigini aýtdy.

Ýerli ANI habarlar gullugy, Naraýananyň “Şu gün PSLW-J61 uçuş enjamyny uçurmaga synanşdyk. 4 tapgyrly etabyň ilkinjisi üstünlikli ýagdaýda geçdi emma üçünji tapgyrda tehniki näsazlyk ýüze çykdy” diýen sözlerine ýer berdi.

Naraýanan “Geçiriljek barlaglardan soň bize ýene-de synanşarys” diýip belledi.

Üçünji şowsuzlyk

EOS-09 Ýer gözegçilik hemrasy ýekşenbe güni irden Hindistanyň günortasynda ýerleşýän Andra Pradeş sebitindäki Satish Dhrawan komos merkezinden PSLW-J61 enjamy bilen uçuryldy.

Ýekşenbe günki uçurlyş şowsuzlygy bilen birlikde bu ISRO-nyň Polar hemra uçuryş enjamy PSLW missiýasynda ýüze çykan üçünji şowsuzlyk bolup durýar. Ilkinji şowsuzlyk 1993-nji ýylda başdan geçirlipdi.

Hindistan 1960-njy ýyllardan bäri özü hemralary bilen birlikde beýleki ýurtlaryň hemralaryny uçurýar. Hindistan şeýle hem 2014-nji ýylda Marsyň orbitasyna hemra ýerleşdiripdi.

Hindistan 2023-nji ýylyň awgust aýynda Russiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan soň Aýa uçarmansyz enjam gondurmagy başaran dördünji ýurt boldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us