TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan: "Ýakyn Gündogar täze söweşe çydap bilmez" diýdi
Prezident Erdogan Omanyň lideri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Ysraýylyň Eýrana garşy agressiýasyna alada bildirdi we Gazadaky erbetleşen ynsanperwer ýagdaýa ünsleri çekdi.
Erdogan: "Ýakyn Gündogar täze söweşe çydap bilmez" diýdi
10 hours ago

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Omanyň Soltany Heýsam bin Taryk bin Teýmur Al Said bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky barha möwjeýän çaknyşyklar, sebit we global meseleler barada pikir alyşdy.

Prezidentlik tarapyndan ýekşenbe güni berlen beýanata görä Prezident Erdogan: “Ysraýylyň Eýrana garşy guraýan hüjümleri sebäpli başlan çaknyşyklar, sebitleýin howpsuzlyk üçin uly howp emele getirýär” diýip duýduryş berdi we “Sebit täze söweşe çydap bilmez” diýip nygtady.

Prezident Erdogan mundan başgada Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümeti tankyt etdi we ony "global durnuklylyk we howpsuzlyk üçin bir meselesi" hökmünde häsiýetlendirdi.

Prezident Erdogan hüjümleriň ýadro gepleşikleriniň altynjy tapgyrynyň öňüsyrasynda bolup geçendigini belläp, Ankaranyň "gepleşikler ýadro dawasyny çözmegiň ýeke-täk ýoludygy” baradaky çemeleşmesinde ygrarlydygyny belledi.

Erdogan ynsanperwer ugurlarada ünsleri çekip: "Soňky wakalar Ysraýylyň Gazada eden genosidine kölege salmaly däldir" diýdi.

Sebitiň liderleri bilen geçirlen öňki söhbetdeşlikler

Prezident Erdogan Omanyň Soltany bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden başagda, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Müsüriň, Iordaniýanyň, Pakistanyň, Siriýanyň we ABŞ-nyň liderleri bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolupdy.

Şenbe güni Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogan Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň sebiti oda bermäge we Eýrana garşy guraýan hüjümleri bilen ýadro gepleşiklerini bökdemäge synanyşýandygyny beýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us