Germaniýanyň oppozision lideri Fridrih Mers, Hristian Demokratlar (CDU/CSU) partiýasynyň ýekşenbe güni geçirilen Federal saýlawlarynda sesleriň takmynan 29 göterimini alyp, beýleki partiýalardan öňe geçendigini aýtdy we ýeňişini yglan etdi.
Germaniýanyň indiki Federal Kansleri bolmagy ähtimal konserwatiw lider Fridrih Mers, syýasy we jemgyýetçilik taýdan çuňňur bölünen bir ýagdaýa sezewardyr. "Dünýä bize garaşmaýar, uzak wagtlyk koalisiýa gepleşiklerine hem garaşmaýar. Biz indi tiz hereket etmäge ukyply bolmalydyrys” diýip belledi.
Emma Germaniýanyň syýasy ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu işiň aňsat bolmajakdygy görünýär. Käbirleri Mersiň ýurdy birleşdirmek niýetine şübheli garaýarlar.
Iň az meşhurlyga eýe bolan Federal kansler dalaşgärimi?
69 ýaşyndaky syýasatçy, 2022-nji ýylda Angela Merkeliň aktiw syýasatdan çekilmeginden soň, merkez-sag Hristian Demokratik Birliginiň (CDU) ýolbaşçylygyny öz üstüne alypdy. Emma, Angela Merkeliň asuda we ylalaşdyryjy ýolbaşçylygy bilen bölünişikleri köpri gurmak arkaly ýeňip geçmegi başarmagyndan we giň goldaw gazanmagyndan tapawutlylykda, Mersiň garşydaş stili we bölüji ritorikalary ony Germaniýanyň iň az halanýan Federal kansler dalaşgärleriniň birine öwürdi.
Ipsos tarapyndan geçirilen soňky sowalnama görä, erkekleriň diňe 21 göterimi we zenanlaryň 15 göterimi ony Federal kansler wezipesine laýyk görýär. Ýaş saýlawçylaryň arasynda bolsa bu görkeziji bary-ýogy 13 göterime barabardyr.
Bölünen saýlawçylary dolandyrmak
Saýlawyň netijeleri Germaniýanyň syýasy gurluşynyň bölünendigini görkezýär. Aşa sagçy AfD Federal saýlawlarda iň gowy netijä eýe bolup, 20,8 göterim bilen ikinji orny eýeledi – şeýlelik bilen öňki ses paýyny iki esse artdyrdy.
Beýleki tarapdan ýurduň häzirki Federal Kansleri Olaf Şolsyň merkezi çep Sosial demokrat partiýasy, seslerini 16,4 göterim ýitirip, 1949-njy ýyldan bäri iň erbet netijä eýe boldy. Daşary işler ministri Annalena Berbokyň Ýaşyllar partiýasy sesleriň 11,6 göterimini alyp dördünji orny eýeledi, Çep partiýa bolsa sesini 8,8 göterime ýetirip, soňky saýlawdan soň sesini 3,9 göterim artdyrdy.
Hiç bir partiýa köplük gazanyp bilmändigi sebäpli, Mersiň ilkinji synanyşygy koalisiýa gurmak bolar. CDU/CSU 208 orun gazandy, AfD 152, SPD 120, Ýaşyllar partiýasy 85, we Çep partiýa 62 orun aldy. Bundestagda köplük üçin azyndan 316 orun gerek, bu bolsa ýeke partiýanyň dolandyryşyny mümkin däl ýagdaýa eltýär.
SPD bilen koalisiýa Hristian Demokratlara 328 orun berer, Ýaşyllar partiýasy bilen üç taraplaýyn bileleşik bolsa 413 orun gazandyrar.
AfD-e näme bolar?
Mersiň iň uly kynçylyklarynyň biri aşa sagçy AfD-niň täsiriniň artmagyna garşy durmak bolar, emma köp adam onuň bu ugurdaky esasy maksady däldigini pikir edýär.
Mers gysga wagt ozal parlamentde immigrantlara garşy kanunlaryny teklip edip, ony AfD-niň goldawy bilen kabul etdirmek isläp, jedelleşik döretdi. Emma bu ädim parlamentde gyzgalaňly çekişmelerden soň, CDU/CSU-dan birnäçe deputatynyň kanuny goldamadyklygy sebäpli şowsuz boldy.
Bu göçüm on müňlerçe adamyň Mersiň aşa sag syýasatlaryny kadalaşdyrmak we ekstremistik partiýalar bilen hyzmatdaşlyk etmezlik baradaky uruşdan soňky ylalaşygy bozmak bilen günäkärläp ýurt derejesinde protestlere sebäp boldy.
Güýçli tankytlara sezewar galan Mers, Hristian Demokratlaryň AfD bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini ýa-da gepleşik geçirmejekdigini halka gaýtadan ynandyrdy.
Uruş jenaýatçylaryny goldaýar
Konserwatiw lider Ysraýylyň howpsuzlygynyň “Döwlet sebäbidigini” ençeme gezek belläp, Ysraýyly güýçli ýagdaýda goldady. Mers Berlindäki soňky çykyşynda: “Meniň ýolbaşçylygymdaky hökümet Ysraýyl bilen gatnaşyklarymyzy güýçlendirer. Men häzirki hökümetiň eksport gadagançylygyny tiz wagdta bes etdirerin” diýip belledi.
Mersiň hökümetiniň immigrantlara garşy syýasatlaryny dowam etdirmegi we 'anti-semitizm' ady bilen palestinalylaryň tarapyny tutýan garaýyşlary basyp ýatyrmagyna garaşylýar.