ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikan konserwatiwleriniň uzak wagtlap arzuw eden maksatlaryny iş yüzüne geçirjek Bilim ministrligini ýatyrmak baradaky buýruga gol çekmäge taýýarlyk görýär.
Çarşenbe güni birnäçe metbugat serişdeleri şol buýruga penşenbe güni Ak Tamda geçiriljek dabarada gol çekiljekdigini habar berdiler. Şuňa şaýyklykda ministrlikde işgärleriň sany azaldylyp, býujetiň çäklendirilmegi bilen bagly başlagyçlar edilmäge başlandy.
Trampyň bilim ministri, Bütindünýä Göreş Federasiýasynyň ozalky (WWE) baş direktory Linda MakMahon, 3-nji martda wezipä girişenden soň, ministrligiň " soňky wezipesine" girişjekdigi hakynda memorandumy çap edipdi. Bir hepdäniň dowamynda ministrlikdäki işgärleriň ýarysy işden boşadylar.
78 ýaşly Tramp saýlaw kampaniýasynda hökümetiň bilim pudagyndaky ygtyýarlaryny ştatlaryň garamagyna bermegi wada edipdi.Ol bolsa, respublikaçylaryň esasy köplüginiň onlarça ýyllap arzuw eden maksady bolup durýar.
Adatça, ABŞ-da federal hökümetiň bilim ulgamyndaky ygtyýary çäklidir. Başlangyç we orta mekdepler üçin bölünip berilen býujetiň13 göterimi federal serişdelerden goýberilyän bolsa, galan bölegi ştatşar we ýerli dolanşyklar tarapyndan üpjün edilýär.
Şeýle-de bolsa, federal gaznalar pes girdejili mekdepler we aýratyn zerurlyklary bolan okuwçylar üçin örän möhümdir.
Federal hökümet okuwçylaryň esasy raýat hukuklaryny goramakda hem möhüm rol oýnaýar.
Esasy Maksatnamalar Dowam Etdiriler
“Politico” tarapyndan berilen maglumata laýyklykda bu buýruk MakMahona ministrligiň ýapylmagyny "ýeňilleşdirmek üçin ähli zerur” başlangyçlary etmegi tabşyrýar. Habar berilmegine görä, dabara birnäçe respublikan gubernator hem gatnaşar.
Käbir habar serişdeleri, buýrugyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna hemaýat berýän we pes girdejili mekdepleri maliýeleşdirýän maksatnamalaryň dowam etdirilmegini göz öňünde tutulýandygyny habar berdiler.
MakMahon wezipesine girişenden soň, metbugat serişdelerine taslamanyň nusgasynyň gizlin ýagdaýda ýetirilmegi sebäpli şeýle buýrugyň çykjakdygy bilinýärdi.
Kanuna görä, 1979-njy ýylda döredilen Bilim Ministrliginiň ýapylmagy üçin buýruk Kongres tarapyndan tassyklanmaly we respublikaçylaryň ony kabul etmegi üçin ýeterlik sesleri ýok.
Şeýle-de bolsa, Trampyň ikinji iş möhletinde beýleki federal edaralarda bolşy ýaly, Bilim ministrligine düýpli býujet çäklendirmesi we işden çykarmalar arkaly gysyş etmegine garaşylýar.
Bu tapgyryň başyny Ilon Musk tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Hökümetiň Netijeliligi Departamenti” (DOGE) çekýär.. DOGE-niň çalasyn hereketleri, ýerine ýetiriş ygtyýarynyň çäginden çykýandygy sebäpli kazyýetlerde garşylyk döredýär.