Adam hukuklary we azatlyklary ynsanperwer kömek gaznasy tarapyndan taýarlanan 1605 tonnalyk ynsanperwer kömegi ikinji ynsanperwer kömek gämisi bilen Sudana ugradylypdy.
Ynsanperwer kömek gämisi duşenbe güni Türkiýäniň Sudandaky ilçisi Fatih Ýyldyz, Adam hukuklary we azatlyklary ynsanperwer kömek gaznasynyň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Mehmet Enes Arykan, Sudanyň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär ýolbaşçysy Selwa Adem bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar tarapyndan garşylandy.
Türkiýäniň Sudandaky ilçisi Fatih Ýyldyz, Anadoly habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Türkiýe çaknyşyklaryň başlan gününden bäri Sudana ynsanperwer kömegini berýär. Şu gün dördünji ynsanperwer kömek gämisini dabaraly ýagdaýda garşy aldyk” diýdi.
Ilçi Ýyldyz, esasan Sudanyň paýtagtynda howspzulygyň ýola goýulmagyndan soň berilýän ynsanperwer kömeginiň diýseň möhümdigine ünsi çekdi.
Ýyldyz, “Ynsanperwer kömek gämisiniň gelmegi diňe bize däl eýsem sudanyň halkyna hem ruhy taýdan goldaw berýär. Sudanyň paýtagtynda howpsuzlygyň ýola goýlan döwründe gelen ynsanperwer kömegi arkalaşygymyzyň anyk görkezijisi” diýdi.
Adam hukuklary we azatlyklary ynsanperwer kömek gaznasynyň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Mehmet Enes Arykan hem sudanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.
Arykan häzirki krizisiň 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde bäsdeş harby toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň başlamagy bilen ýüze çykandygyny ýatlatdy.
Sudandaky ýagdaý
Sişenbe güni Sudanyň söweş etabyndaky paýtagty Port Sudanda paramilitar toparlaryň harbu goşuna garşy başladan hüjümleriniň üçünji gününde partlama sesleri eşidilýär.
2023-nji ýylyň 15-nji aprelinden bäri paramilitar HDK güýçleri bilen Sudanyň harby goşununyň arasynda ýurduň gözegçiligi üçin dowam edýän çaknyşyklar müňlerçe adamyň ýogalmagyna we dünýäniň iň uly ynsanperwer krizislerinden birine sebäp boldy.
BMG-na we ýerli ýolbaşçylara görä çaknyşyklarda 20 müňden gowrak adam ýogaldy, 15 million adam öýüni tert etdi.
Amerikaly alymlara görä, çaknyşyklarda 130 müňe golaý adam ýogaldy.