Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Odessa sebitine uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjüminde 2 adam ýogaldy, 14 adam ýaralandy. Ýerli resmiler ýaralanan adamlaryň arasynda çagalaryň hem bardygyny habar berdi.
Moskwa Ukraina garşy uçarmansyz howa ulaglary we raketalary bilen guraýan hüjümlerini artdyrdy.
Odessa welaýatynyň gubernatory Oleg Kiper Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Gözleg we halas ediş toparlary duşmana degişli uçarmansyz howa ulagy ulanylyp bina guralan hüjümde ýogalan 2 adamyň jesedini harabalyklaryň aşagyndan çkardylar” diýip habar berdi.
Gije guralan hüjümlerde şeýle hem 14 adamyň ýogalandygyny aýdan Oleg Kiper: “Şol adamlaryň 3-si çagalardan ybarat” diýip mälim etdi.
Çerwona Zirkanyň gözegçiligi
Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitiniň resmileri rus hüjümleriniň netijesinde 1 adamyň ýogalandygyny, 3 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.
Herson sebitiniň gubernatory Oleksandr Prokudin Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Rus harby birikmeler sebitdäki tankydy we sosial infrastruktura we ýaşaýyş ýerlerine hüjüm guradylar” diýip aýan etdiler.
Beýleki tarapdan bolsa Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde ýerleşýän Çerwona Zirka ýaşaýyş ýeriniň gözegçiligini ele geçirendigini habar berdi. Bu maglumat Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan aýan edildi.
Parahatçylyk gepleşiklerinde Russiýa Ukrainada has köp territoriýa bermegini we Günbataryň harby goldawyndan ýüz öwürmegini talap etdi. Ukraina bolsa şol şertleriň kabul ederliksizidigini aýdýar.