DÜNÝÄ
1 minut okamak
Seul: Phenýan Moskwa uly mukdarda artilleriýa ok-därisini berdi
Günorta Koreýa Koreýa Respublikasynyň gelejek iki aýyň dowamynda Russiýa köp sanly esger ugratmagynyň ähtimaldygyny beýan etdi.
Seul: Phenýan Moskwa uly mukdarda artilleriýa ok-därisini berdi
Seul: Phenýan Moskwa uly mukdarda artilleriýa ok-därisini berdi / Reuters
13 hours ago

“Ýonhap” habarlar gullugynyň ýekşenbe güni Koreýa Respublikasynyň harby howpsuzlyk gullugyna esaslanyp habar bermegine görä Demirazyk Koreýa Russiýanyň Ukrainadaky urşuna goldaw maksady bilen 152 millimetrlik top oklaryndan 12 milliondan gowragyny ugartdy.

Goranmak ministrligine degişli Harby howpsuzlyk edarasynyň oppozision partiýanyň halk deputatlaryndan birine berilen habarnamada Demirazyk Koreýanyň 28 müň konteýner ýarag we ok-däri ugradandygy çaklanylýar.

Edaranyň habarnamasynda; “Bu mukdar 152 mm-lik täk oklar bilen hasaplananda ugradylan ok-däriniň sanynyň 12 milliondan geçýändigi çaklanylýar” diýilýär.

İýun aýynyň ahyrynda Koreýa Respublikasynyň howpsuzlyk gullugy Demiragazyk Koreýanyň gelejek 2 aýyň dowamynda Russiýa köp sanly esger ugratmagyna garaşylýandygyny öňe sürüpdi.

2024-nji ýylyň iýun aýynda Phenýanda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen İn bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda gol çekişilen Strategik ýaranlyk hakyndaky ylalaşykdan soň Demirazyk Koreýa müňlerçe esgerini Ukraina serhedindäki Kursk oblastyna ugradyp, Russiýanyn uruş we gaýtadan dikeldiş tagallaryna gyldaw beripdi.

Koreýa Respublikasynyň howpsuzlyk gullugy aprel aýynda çap eden beýleki bir analizinde Russiýa bilen bilelikde söweşýän Demirgazyk Koreýanyň harby birikmeleriniň 4700 esgeriniň ýaralanandygyny, şolaryň 600 sanynyň ýogalandygyny beýan edipdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us