CNN Arabic kanalynyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donal Tramp öňümizdäki aý Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak saparyna Türkiýäni hem degişli etmegi meýilleşdirýär.
Penşenbe güni CNN kanalyna beýannama beren Ak Tamyň ýokary derejeli resmisine görä, Trampyň Saud Arabystanyna, Katara we Birleşen Arap Emirliklerine gurajak saparyndan soň Türkiýä sapar guramagyna garaşylýar.
Emma sapar hakynda heniz anyk kararyň kabul edilmändigi nygtaldy.
Türkiýe bilen gowy gatnaşyklar
Ak Tamyň ýokary derejeli resmisi CNN kanalyna beren beýannamasynda, Trampyň Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan bilen geçiren soňky telefon söhbetdeşliginden soň şeýle karar kabul edendigini aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak sapary Ysraýyly öz içine almaýar.
Ak Tam, Anadoly habarlar gullugynyň mesele hakynda maglumat edinmek talabyna heniz jogap bermedi.
Donald Tramp, Erdogan bilen edýän gatnaşyklary barada oňyn garaýyş beýan edipdi. Hepdäniň başynda Ak Tamda Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen birlikde metbugata beren beýannama beren Tramp, “Türkiýe bilen we şol ýurduň lideri bilen ýakyndan gatnaşyk edýärin” diýipdi.
Tramp, Erdogany “Berk we örän akylly adam. Hiç kimiň hötdesinden gelip bilmedik işiniň hötdesinden geldi”diýmek bilen Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň agdarylmagynda Türkiýäniň uly rol oýnandygy hakyndaky beýannamalaryny göz öňünde tutupdy.
Meýilleşdirlen sapar amala aşyrlan halatynda bu Trampyň prezident hökmünde Türkiýä gurajak ilkinji sapary bolar.
ABŞ-nyň ozalky prezidentleri Jorj Buş 2004-nji ýylda, Barak Obama bolsa 2009-njy we 2015-nji ýyllarda Türkiýede saparda bolupdy.