Demirgazyk Koreýanyň KJNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň “Altyn gümmez” raketa goranyş ulgamy taslamasyny “howply başlangyç”hökmünde häsiýetlendirdi we berk tankyt etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 20-njy maýda “Altyn gümmez” ulgamy üçin 175 milliard dollarlyk taslamany saýlap alandygyny mälim edipdi.
Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň çäginde iş alyp barýan Amerikan ylmy barlag institutyndan berlen beýannamada “Altyn gümmez” taslamasy, Amerika ýörelgesiniň tipik önümi bolup, tekepbirligiň derejesidir we ýadro söweş senarisidir” diýildi.
“Altyn gümmez” taslamasy Hytaý, Eýran, Demirgazyk Koreýa we Russiýa ýaly ýurtlardan attylan raketalary, gysga wagtda hatardan çykarmak üçin taýarlandy.
Hytaý geçen hepde bu meýilnama berk garşylyk görkezipdi we Waşingtona bu ulgamdan ýüz öwürmegi üçin çagyryş beripdi.