ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukraina urşunyň bes etmek boýunça gepleşikleriň indiki tapgyryny ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikler geçirdiler.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Temmi Brýusyň beýanatyna görä, diplomatlar şenbe güni ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky aragatnaşygy dikeltmek ugrunda işlerini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Beýanatda Saud Arabystanynyň ýer eýeçilik edýän ABŞ-Russiýa gepleşikleirniň nobatdaky tapgyrynyň haçan başlajakdygy barada bolsa anyk maglumat berilmedi.
Rubio Lawrowa mundan başgada, Ýakyn Gündogardaky harby hereketler barada maglumat berdi. Beýanatda ABŞ-nyň harby güýçleriniň Ýemende Husilere garşy öldüriji zarbalar salandygy mälim edildi.
ABŞ Ýemene howa hüjümini gurap azyndan 20 adamy öldürdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Husileriň Gyzyl deňizdäki deňiz gatnawlaryna garşy hüjümini dowam etdiren halatynda “Jähennemiň gapylarynyň açyljakdygyny” aýtdy.
Tramp bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň arasyndaky dartgynlyklara garamazdan, Kiýew Moskwanyň gündogar Ukrainadaky hüjümlerini bes eden halatynda Amerikanyň hemaýatkärliginde 30 günlük şertsiz ýaraşygy kabul etjekdigini aýtdy.
Emma Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hiç hili ýaraşyga razy bolmady. Ol ABŞ bilen Ukrainanyň ylalaşygynda göz öňünde tutulan şertlerden has ýokary talaplary öňe sürdi.