DÜNÝÄ
1 minut okamak
Germaniýada Siriýadaky ilçihanasyny gaýtadan açdy
Germaniýa, Siriýadaky diplomatik wekilhanasyny gaýtadan açmak bilen syýasy durnuklylygy we geçiş etabyny höweslendirmegi maksat edinýär. Konsullyk hyzmatlary howpsuzlyk sebäpli Beýrutda dowam eder.
Germaniýada Siriýadaky ilçihanasyny gaýtadan açdy
March 21, 2025

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Barbojk,  penşenbe güni Asadyň agdarylmagyndan 3 aý soň 2012-nji ýylda ýapylan ilçihananyň gaýtadan açylmagyny tassyklady.

Emma konsullyk işleri howpsuzlyk sebäpli Beýruta dowam eder

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Diktator Asadyň agdarylmagyndan soň Germaniýa, Siriýanyň halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna goldaw berjekdigini mälim etdi” diýildi.

Diplomatik gatnaşyklar ýola goýlar

Diplomatik töwerekler Germaniýanyň Siriýanyň durnuklylygyna uly goldaw berýändigini we Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goşan goşjakdygyny mälim etdi.

Germaniýanyň degişli taraplar bilen diplomatik gatnaşygy ýola goýup biljekdigi we syýasy geçiş etabyna goşant goşup biljekdigi nygtaldy.

Şeýle hem Germaniýanyň diplomatik topary bilen birlikde jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyndan işleşip biljekdigi ýatladyldy.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us