Siriýanyň resmi habarlar gullygy SANA bilen Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugy AZERTAC, Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şaranyň Azerbaýjana ilkinji resmi saparyny guraýandygyny habar berdi.
Habar gulluklary 29-njy ýanwarda Siriýanyň Prezidenti wezipesine girişen Ahmed Şaranyň daşary ýurtlara guraýan saparynyň çäginde 10-njy saparyny Azerbaýjana guraýandygyna ünsi çekdi.
Ahmed Şara Siriýanyň Prezidenti hökmünde Türkiýede, Fransiýada, Müsürde, Iordaniýada, Saud Arabystanynda, Katarda, Bahreýnde, Birleşen Arap Emirliklerinde we Kuweýtde saparda bolupdy.
Ýanwar aýynda Başar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň, Siriýada Şaranyň ýolbaşçylygynda wagtlaýyn hökümet guruldy.
25 ýyla golaý Siriýany gönükdiren Asad, dekabr aýynda Russiýa gaçyp gidipdi. Şeýlelikde Baas partiýasynyň 1963-nji ýylda başlan we onlarça ýyl dowam eden häkimiýet döwrü ýapylýar.