Eýran bilen ABŞ, Tähranyň ýadro meýilnamasy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün Omanda ýokary derejeli gepleşik geçirer. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ylalaşyk gazanylman halatynda harby hüjüm guramak bilen hemle atdy.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, eýranly we amerikaly wekiliýetiň Maskada barandygyny we eýranly wekiliýetiň gepleşikleriň öňüsyrasynda omanly ýolbaşçylar bilen duşuşandygyny habar berdi.
Eýranyň wekiliýetine Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Amerikanyň wekiliýetine bolsa Prezident Trampyň Ýokar Gündogar boýunça ýörite wekili Stewe Witkoff ýolbaşçylyk eder.
Gepleşiklere seresaply çemeleşýän Eýran, gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp gazanylmazlygyna şibheli garaýar. Eýran şeýle hem ýadro meýilnamasyndan ýüz öwürmän halatynda Eýrany bombalamak bilen hemle atýan Trampa ynanmaýar.
Iki tarap hem ylalaşyga oňyn garaýar emma 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän düşnüşmezlik meselesinde taraplaryň arasynda uly garaýyş tapawutlylygy bar.
Gepleşiklerde ediljek öňe gidişlik, sebitde 2023-nji ýyldan bäri dowam edýän Gazadaky we Liwandaky söweşleriň, Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky raketa hüjümleriniň, Gyzyl deňizde Husileriň hüjümleriň azalmagyna we Siriýada Başar Asadyň agdarylmagy bilen möwjän dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolup biler.
Emma gepleşikleriň netijesiz bolmagy, dünýäniň nebit eksportunda esasy orun eýeleýän sebitde dartgynlygyň has-da çuňlaşmagyna sebäp bolup biler. Resmi Tähran, ABŞ Eýrana hüjüm guran halatynda, ABŞ-nyň harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän goňşy ýurtlara degişli gaýtawulyň görkeziljekdigi barada duýduryş berdi.
Eýranly ýolbaşçynyň Roýtere beren beýannamasyna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň çylşyrymly güýç göreşinde döwlet meselelerinde uly rol oýnaýan dini lider Aýetullah Ali Hamaneý, Arakçä gepleşikler üçin “doly ygtyýar” berdi.
Onlarça ýyldan bäri dowam edýän düşnüşmezlik
Eýran ýadro maksatnamasynyň dolulygyna parahatçylykly maksatly taýarlanandygyny beýan edýän bolsa-da, Günbatarly ýurtlar Eýranyň atom bombasyny öndürmek isleýändigine ynanýar.
Günbatarly ýolbaşçylar, Eýranyň urany kämilleşdirmek meýilnamasynyň parahatçylykly maksatlar üçin zerur bolan derejeden has ýokardygyny nygtaýar.
Eýrana garşy maksimum basyş syýasatyny fewral aýynda gaýtadan başladan Tramp, prezidentliginiň ilkinji döwründe Eýran bilen 6 ýurduň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyndan 2018-nji ýylda bir taraply ýagdaýda çekilipdi we Eýrana agyr sanksiýa goýmaga başlapdy.
Şol günden bäri Eýran ýadro maksatnamasyny dowam etdirdi we elindäki orany 60 %derejede kämilleşdirdi. Şol san bomba öndürmek üçin zerur bolan derejä tenhiki taýdan has ýakyn.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, penşenbe güni beren beýannamasynda, gepleşikleriň netijeli bolmagyny umyd edýändigini nygtap, “Eýranyň asla ýadro ýaragyna eýe bolup bilmejekdigini çürt-kesik beýan etdik. Duşuşygyň sebäbi hem şudyr”diýdi.
Anna güni ABŞ-na jogap beren resmi Tähran bolsa beren beýannamasynda, Waşigtonyň berk tutumyna garamazdan ABŞ-na uly mümkinçilik berýändigini mälim etdi.
Waşingtonyň ýarany Ysraýyl, Eýranyň ýadro maksatnamasyny esasy howp hökmünde görýär we diplomatik tagallalar netijesiz bolan halatynda Eýrana hüjüm etmek bilen hemle atýar.
Resmi Tähranyň Ýakyn Gündogardaky täsiri gün saýyn azalýar. Eýranyň sebitdaki ýaranlaryna, Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşlygy we dekabr aýynda Başar Asadyň Siriýada agdarylmagy bilen birlikde uly zarba uruldy.
Liwandaky Hizbullah, Ýemendäki Husiler, Yrakdaky we Siriýadaky dürli şaýy ýaragly toparlary Eýranyň ýaranlary hökmünde bilinýär.