Ukraina ýurdunyň iň ýokary derejeli serkerdesiniň Russiýa garşy hüjümleriň “gerimini we uzaklygyny” artdyrmak barada söz bereninden bir gün soň, rus uçarmansyz howa ulaglarynyň Kiýewe garşy “uly göwrümli hüjümleirniň” dowam edýändigini habar berdi.
Üç ýyl bäri dowam edýän urşy bes etdirmek bilen bagly diplomatik tagallalar, taraplaryň arasyndaky gönüden gepleşikleriň üç hepde ozal geçirilmegi we nobatdaky gepleşkleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmezligi sebäpli togtady.
Kiýewiň harby dolanşygynyň başlygy Timur Tkaçenko: "Paýtagtda ýene bir uly hüjüm. Duşman uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guraýan bolmagy ähtimal" diýdi.
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko iki adamyň Solomianski etrabynda hassahana ýatyrylandygyny we Swýatçinski etrabyndaky metro bekediniň golaýynda ýene iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
AFP-niň Kiýewdäki işgärleri, şäheriň merkezinde uçan uçarmansyz howa ulaglarynyň sesini, soň bolsa ýaragyň we partlamalaryň sesini eşidendiklerini habar berdiler.
Bu soňky hüjümler Ukrainanyň baş serkerdesi Oleksandr Syrskiniň Russiýa garşy hüjümleri güýçlendirjekdigini wada bereninden soň boldy.
Oleksandr Syrsky: “Diňe goranypň oturmarys. Sebäbi onuň peýdasy bolmaz we ahyrynda yza çekilmegimize, adam we territoriýa ýitgisine sebäp bolar” diýip belledi.
Syrsky, Ukrainanyň Russiýanyň harby nyşanalaryna hüjümlerini dowam etdirjekdigini we bu netijäniň subut edilendigini aýtdy.
Oleksandr Syrsky: "Elbetde dowam ederis. Gerimini we uzaklygyny artdyrarys" diýdi.