TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Hamasyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Ibrahim Kalyn Hamasyň Şura mejlisiniň başlygy Muhammed Derwişiň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Hamasyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi
7 hours ago

Howpsuzlyk çeşmelerine görä, Türkiyäniň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Ibrahim Kalyn Gazada ýarşygygň ýola goýulmagy we ynsanperwer kömekleriň ýetirimegi üçin ediljek ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hamasyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirdi.

Türkiyäniň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Ibrahim Kalyn ýekşenbe güni Hamasyň Şura mejlisiniň başlygy Muhammed Derwişiň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Howpsuzlyk çeşmelerine görä, duşuşygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Gazadaky ynsanperwer betbagtçylyk boldy.

Duşuşykda şeýle hem Türkiyäniň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Gazadaky ynsanperwer betbagtçylygyň we weýrançylygyň ortadan aýyrlmagy we gyssagly kömegi üpjün etmek baradaky tagallalar gün tertibine getirildi.

Ibrahim Kalyn mundan başgada bu agyr günlerde palestinaly toparlaryň arasynda ylalaşygyň ýola goýulmagynyň möhümdigini we Türkiyäniň Palestinanyň halkynyň ýanyndadygyny beýan etdi.  

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us