BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Geir Pedersen ýekşenbe güni beren beýanatynda, Damaskyň Douileia etrabynda ýerleşýän Mar Elias buthanasyna guralan we asuda ilatyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümi "terrorçylykly hüjüm" hökmünde häsiýetlendirdi.
Beýanatda: “Dini çärede asuda ilaty öldüren we ýaralaýan bu terrorçylykly hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýaryn. Wakanyň dolulygyna derňelmegini we resmiler tarapyndan işe girişilmegini talap edýärin” diýip belledi.
Türkiye
Türkiye hem hüjümi ýazgardy. Siriýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä hüjümde azyndan 20 adam ýogaldy, 52 adam ýaralandy.
Ministrlik terror guramasy DAIŞ-e degişli bir kamikaze hüjümçisiniň buthana od açanyndan soň, özüni partladandygyny habar berdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda, hüjümiň Siriýanyň durnuksyzlaşdyrmaga we jemgyýetçilik sazlaşygy bozmagyny maksat edinendigini beýan etdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi: “Bu hüjüm, Siriýadaky durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek tagallalaryny puja çykarmagy, sosial parahatçylygy we sazlaşygy bozmagy maksat edinýär” diýdi.
Ankara Siriýanyň özygtyýarlylygyny we jebisligini goldaýandygyny, "ähli zerur goldawy" berjekdigini we Siriýanyň halkynyň çydamlylygyna ynamynyň bardygyny aýtdy.
Bu bombaly hüjüm Siriýanyň Içeri işler ministrliginiň 26-njy maýda Damaskyň obalyk ýerlerinde terror guramasy DAIŞ-iň öýjükleriniň tapylandygyny yglan etmeginden birnäçe hepde soň boldy.