Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan resmi Moskwa bilen Kiýewiň arasynda 16-njy maýda Stambulda geçirilen gepleşikler diplomatik çözgüt tagallaryna özbolyşly goşant goşdygyny aýtdy.
Fidan bu beýanaty anna güni Ukrainada, ukrain kärdeşi Andrii Sybiha bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda berdi.
“Biz (Russiýa-Ukraina) gepleşikleriniň (Stambulda) anyk netijeler ýüze çykarjakdygyny subut etdik” diýip, Fidan aýtdy we Stambulda ýetilen sepgidiň möhümdigini beýan etdi.
“Ýa biz bu (Moskwa-Kiýew) urşuň dowam etmegine göz ýumarys ýa-da şu ýylyň dowamynda yzgiderli parahatçyly gazanmak üçin tagalla ederis” diýip, Hakan Fidan sözüni dowam etdirdi.
“Biz Stambulda geçirilen gepleşikleriň Prezident Erdogan tarapyndan geçiriljek duşuşyk bilen tamamlanmagyny, Tramp, Putin we Zelenskiýni bir ýere jemlemegi göz öňünde tutýarys” diýip, sözlerinin üstüne goşdy.
Türkiýäniň durnukly parahatçylyk ugrundaky tagallalary
Russiýanyň daşary işler ministri çarşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly gepleşik geçirip, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda Stambulda geçiriljek gepleşikler hakynda pikir alyşdy.
Lawrow ozalky beýanatynda Russiýanyň Ukrain bilen ikinji tapgyr gepleşiklerini 2-nji iýunda Stambulda geçirmegi teklip edendigini aýtdy.
Türkiýäniň prezidenti hem gepleşikleriň Stambulda dowam etdirilmegine umyt bildirdi.
“Biz Russiýa we Ukraina bilen aragatnaşyk saklaýarys. Ýetilen sepgidi durnukly parahatçylyk üçin mümkinçilik hökmünde görýäris” diýip, Erdogan aýtdy.
Ukraina Russiýanyň teklibine entek jogap bermedi.
16-njy maýda Russiýa bilen Ukraina üç ýylyň dowamynda ilkinji gezek Stambulda gönüden gepleşik geçirdiler. Taraplar şol ýerde 1000 adamdan ybarat uly göwrümli tussag çalşygyny amala aşyrmak hakynda ylalaşdy.
Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde geçirilen gepleşiklerde iki tarap hem ok atyşygy bes etmek boýunça gepleşikleri dowam etdirmek üçin ylalaşdylar.